Gaýtadan işlemek tapgyrly ykdysadyýet we durnukly öşüş boýunça innowasion okuw maksatnamalaryny we modullaryny işläp taýýarlamak - CirculEC.

Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň goldawy bilen amala aşyrylýan halkara CirculEC taslamasy sirkulýar ykdysadyýetiň we durnukly ösüşiň ýörelgelerini Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň uniwersitetleriniň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu başlangyç Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Ispaniýadan, Italiýadan we Germaniýadan bolan 15 sany akademik hyzmatdaşy birleşdirýär hem-de ýokary bilimiň mazmunyny bütindünýä döwrebap ileri tutulýan ugurlara laýyklykda kämilleşdirmegi maksat edinýär.

Türkmenistana bu konsorsiumda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Türkmen döwlet maliýe instituty wekilçilik edýär. Durnukly ösüşe goşmaça mowzuk hökmünde garaýan adaty çemeleşmelerden tapawutlylykda, CirculEC bu ýörelgeleri okuw meýilnamalarynyň esasyna goşmagy, talyplarda serişdeleri tygşytly ulanmak, ekologik menejment we innowasion işewürlik modelleri ugrunda amaly ukyplary kemala getirmegi göz öňünde tutýar.

Taslamanyň utgaşdyryjylygyny D. Serikbaýew adyndaky Gündogar Gazagystan tehniki uniwersiteti amala aşyrýar. Ýewropaly hyzmatdaşlaryň hatarynda Santýago-de-Kompostela uniwersiteti, Fridrih II adyndaky Neapol uniwersiteti we FHM amaly ylymlar uniwersiteti bar. Şeýle hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýanyň okuw maksatnamalaryny sebit aýratynlyklaryny we zähmet bazarynyň isleglerini nazara alyp, halkara standartlara uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Taslama 2023–2026-njy ýyllar aralygynda amala aşyrylýar we täze okuw modullaryny taýýarlamagy, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy hem-de bakalawr we magistratura maksatnamalaryna synag okuwlaryny girizmegi öz içine alýar. 2025-nji ýylda hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerinde taslamanyň gidişine baha bermek we tejribe alyşmak maksady bilen gözegçilik çäreleri we sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi.

CirculEC durnukly dolandyryş we önümçilik çözgütlerini ornaşdyrmaga, ekologik telekeçiligi ösdürmäge we ykdysadyýetiň pudaklarynyň döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu taslama durnukly ösüşiň sirkulýar modeline geçmegiň bilim çemeleşmelerini täzelemekden we talyplarda döwrebap ykdysadyýetde isleg bildirilýän amaly endikleri kemala getirmekden başlanýandygyny görkezýär.