CirculEC taslamasynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň çäklerinde gyzyklanma bildirýän taraplaryň duşuşygy

Türkmen döwlet maliýe institutynda iş berijileriň, professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady CirculEC taslamasynyň netijeleriniň uzak möhletleýin durnuklylygyny üpjün etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Türkmen döwlet maliýe institutynda durmuşa geçirilýän Erasmus+ maksatnamasynyň CirculEC taslamasy jemleýji tapgyryna gadam basýar. Üçtaraplaýyn duşuşyk taslamanyň jemleýji aýynyň esasy çäresi bolup, gazanylan netijeleri jemlemäge we akademik üstünlikleri berkitmäge gönükdirildi.

Çäräniň esasy maksady taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan okuw modullarynyň grant goldawy tamamlanandan soň hem institutda ösdürilmegini we okuw işinde dowam etdirilmegini üpjün etmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Ara alyp maslahatlaşmalara maliýe we bank ulgamlarynyň, şeýle hem hususy telekeçiligiň esasy wekilleri gatnaşdylar.

Panel görnüşinde geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda Italiýanyň, Ispaniýanyň we Germaniýanyň öňdebaryjy hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerinde hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçen Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary döwrebaplaşdyrylan okuw meýilnamalaryny tanyşdyrdylar.

Duşuşyga çagyrylan bilermenler we iş berijiler taýýarlanylan okuw materiallarynyň hiline ýokary baha berdiler hem-de olaryň milli ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýändigini bellediler. Şeýle hem mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk ädimler kesgitlenildi. Hususan-da, talyplaryň hyzmatdaş kärhanalarda önümçilik tejribeligini geçmegini we iş tejribesini toplamagyny guramak meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ýene bir möhüm bölegi talyplaryň pikirlerini diňlemek boldy. Geljekki ykdysatçylar we maliýeçiler innowasion okuw modullaryny özleşdirmek boýunça tejribeleri bilen paýlaşdylar, şeýle hem ylmy-barlag taslamalary we ekologiýa taýdan arassa başlangyçlar boýunça öz tekliplerini beýan etdiler.

Duşuşygyň netijesinde CirculEC taslamasynyň Türkmen döwlet maliýe institutynda gazanan netijeleriniň dowam etdirilmegi üçin berk binýadyň döredilendigi barada umumy ylalaşyga gelindi. Taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan ähli okuw dersleri institutyň okuw meýilnamalaryna resmi taýdan girizildi we geljekde hem yzygiderli okadylmagyny dowam etdirer.