«Maliýe» kafedrasy Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýokary bilimli bakalawrlary we magistrleri taýýarlamagy amala aşyrýan binýatlyk (hünärmenleri taýýarlaýan) düzüm birligidir. Kafedrada bakalawr maksatnamasynyň «Maliýe», «Maliýe gözegçiligi», «Maliýe menejmenti» we «Halkara maliýe» hem-de magistr maksatnamasynyň «Telekeçilik we maliýe» taýýarlyk ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Kafedranyň ýokary derejeli we tejribeli professor-mugallymlary «Maliýe», «Maliýe nazaryýeti», «Kärhananyň maliýesi», «Maliýe menejmenti», «Döwlet býujeti», «Gazna biržasy», «Dünýä maliýe bazarlary», «Maliýe gözegçiligi (monitoringi)», «Maliýe hukugy», «Maliýe töwekgelçiliklerini dolandyrmak» we beýleki ugurdaş dersler boýunça umumy we amaly sapaklary okadýarlar.
Kafedrada bakalawr maksatnamasynyň talyplarynyň tanyşlyk, ykdysady, taýýarlygyň ugry we diplomyň öň ýanyndaky şeýle hem, magistr maksatnamasynyň talyplarynyň önümçilik we magistrlik ylmy işini taýýarlamak tejribeliklerine usuly ýolbaşçylyk amala aşyrylýar. Bulardan başga-da, kafedranyň mugallymlary talyplaryň ýyllyk, diplom we magistrlik işlerine ylmy ýolbaşçylyk edýärler, instituty tamamlaýan talyplaryň jemleýji döwlet synaglaryny guralmagyny üpjün edýärler.
Kafedranyň derejesinde Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna gabat gelýän şeýle hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasyndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan we beýleki pudaklaýyn we sebitleýin döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, yzygiderli ylmy-barlag işleri alnyp barýarlar.
Talyp ýaşlarynyň ylmy-barlag ukyplaryny ösdürmek, olary halkara we döwlet derejesindäki ylmy-amaly bäsleşiklere, olimpiadalara taýýarlamak maksady bilen kafedranyň ýanynda «Ýaş maliýeçi» ylmy gurnagy yzygiderli işleýär.
Kafedranyň mugallymlary tarapyndan okuw kitaplary we gollanmalary, ylmy makalalar yzygiderli neşir edilýär. Hususanda, Maliýe kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan soňky birnäçe ýylyň içinde «Telekeçilik işi», «Döwletiň maliýe syýasaty», «Gazna biržasy», «Dünýä maliýe bazarlary», «Maliýe töwekgelçiliklerini dolandyrmak», «Maliýe hukugy», «Maliýe gözegçiligi (monitoringi)», «Maliýe nazaryýeti» we «Türkmenistanyň býujet ulgamy» dersleri boýunça okuw kitaplary neşir edildi.
TM
EN
RU