Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda meýilleşdirilen giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam etdirilýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim tory döredildi. Bu tora Türkmen döwlet maliýe institutynyň içki tory birikdirildi.

Türkmen döwlet maliýe institutynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny peýdalanmak maksady bilen, okuw prosesine sanly tehnologiýalar ornaşdyryldy. Häzirki wagtda institutyň internet web saýty (tdmai.edu.tm) we bilim portaly (okuw.tdmai.edu.tm) hereket edýär. Häzirki wagtda Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilim portalyna (okuw.tdmail.edu.tm) internet arkaly elýeterlilik döredildi.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň içki we internet bilim portallaryna okuw dersleri boýunça döwrebap elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audio materillary, tanyşdyryşlar we beýleki maglumatlar ýerleşdirilýär. Institutda täze sanly okuw otagy döredildi. Bu okuw otagy internet, häzirki zaman kompýuterler, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Beýleki okuw otaglarda hem kompýuter tehnikalary we interaktiw tagtalar bar.

Institutda uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Talyplaryň we professor-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri we hyzmatdaş daşary ýurtlary uniwersitetleri bilen onlaýn wideo okuwlary hem-de maslahatlary yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen Türkmen döwlet maliýe institutynda elektron kitaphanasy hereket edýär. Bu elektron kitaphanasynyň gory yzygiderli baýlaşdyrylýar. Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary we professor-mugallymlary okuw, ylmy we usuly işlerinde sanly bilimiň mümkinçiliklerinden gündelik peýdalanýarlar.

 

Sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk boýunça 2026-njy ýylda geçiriljek onlaýn maslahatlaryň (seminarlaryň) meýilnamasy

 

T/b Maslahatyň ady Senesi, wagty Jogapkär
1 Emeli aňyň sanly ulgamda peýdalanylyşy 12.02.2026ý. sagat 15:00  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy Azizsalam Bazarow
2 Uly maglumatlar we emeli aň bilen işlemek 27.02.2026ý. sagat 15:00  Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Informatika we maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý Agajykowa Aýsenem
3 Oba hojalyk pudagynda VR tehnologiýasynyň mümkinçilikleri 06.03.2026ý. sagat 15:00  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Hojanepesow Meretmuhammet
4 Bedenterbiýe we sport ulgamynda sanly tehnologiýalaryň, maglumat howpsuzlygynyň we sanly dolandyryşyň döwrebap çözgütleri 18.03.2026ý. sagat 15:00 Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport tehnologiýalary we menejmenti kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý., uly mugallymy Gurbanowa Jeren 
5 Elektron sanly gol-ygtybarly gorag 27.03.2026ý. sagat 15:00 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Amanowa Aýnabat
6 Pythonda gaýtalanýan hereketleri programmalaşdyrmak 10.04.2026ý. sagat 15:00  Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý., dosent Kutlyýew Güýçgeldi
7 Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda iň ýygy ulanylýan sözler 24.04.2026ý. sagat 15:00  Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Informatika we maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň uly mugallymy Nurgeldiýew Orazberdi
8 Maglumat howpsuzlygynyň 1-nji derejeleri 01.05.2026ý. sagat 15:00 Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Allaýarow Nurmyrat
9 NetBox bilen infrastruktura maglumatlaryny dolandyrmak: mümkinçilikleri we peýdalary 15.05.2026ý. sagat 15:00  Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Saparmyradow Täçmyrat
10 Sanly bilim ulgamynda hünärmenleriň tejribesini we geýmifikasiýa usullaryny ulanmagyň netijeligi 04.09.2026ý. sagat 15:00 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Nurmyradowa Tyllagözel
11 Sanly ulgamda kompýuter enjamlaryny bir wagtda dolandyrmagyň we gözegçilikde saklamagyň usullary 17.09.2026ý. sagat 15:00  Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maglumatlar we okatmagyň tehniki serişdeleri bölüminiň başlygy Agalykow Serdar
12 Maşyn kody derejesinde amala aşyrylýan hüjümleri öz wagtynda anyklamak 30.09.2026ý. sagat 15:00  Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersietiniň Kiberhowpsuzlyk kafedranyň müdiriniň w.ý.ý., t.y.k. Maksat Çüriýew
13 Lukmançylyk maglumat ulgamlarynda kiberhowpsuzlygyň meseleleri we çözgütleri 12.10.2026ý. sagat 15:00  Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy Daňatarowa Mähri 
14 Ses işläp bejerýän tehnologiýalary programmirlemek 26.10.2026ý. sagat 15:00 Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň uly mugallymy Geldiýewa Maral
15 Durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalar 06.11.2026ý. sagat 15:00  Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Informatika we maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň uly mugallymy Tejenowa Jennet 
16 “Zoom” atly programma üpjünçiligini awtomatlaşdyrmak 19.11.2026ý. sagat 15:00  Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Informatika we maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Gurbanmyradowa Leýla
17 Kiberhowpsuzlyk we başlangyç howplar barada umumy düşünje 04.12.2026ý. sagat 15:00 Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý Annalyýew Akmämmet
18 Kiberhakatonlary geçirmek we olaryň netijelerini awtomatik jemlemek 17.12.2026ý. sagat 15:00  Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň mugallymy Geldiýew Serdar