Kitaphana

1664

Türkmen döwlet maliẏe institutynyñ düzüminde örän möhüm orny eẏeleẏän bölümleriñ biri hem okuw mekdebiniñ ylmy kitaphanasydyr. Kitaphananyñ kitap gory yzygiderli baẏlaşdyrylẏar. Häzirki wagtda institutyñ kitap gaznasynda türkmen, iñlis, rus, türk dillerinde çap edilen okuw, ylmy-populẏar kitaplardan, çeper edebiẏatlardan hem-de gazet-žurnallardan peýdalanmak üçin giň mümkinçilikler döredilendir.

Institutyñ ylmy kitaphanasynyñ düzüminde öz içine 50 sany kompẏuteri birleşdirẏän elektron kitaphananyñ hem hereket etmegi okyjylara ediẏän hyzmatyñ derejesini has ẏokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Elektron kitaphananyñ üsti bilen mugallymlar we talyplar diñe bir onuñ öz gorundaky kitaplardan peẏdalanmak bilen çäklenmän, eýsem ẏurdumyzyñ beẏleki ẏokary okuw mekdepleriniñ edebiẏatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Munuñ özi okuwa taẏẏarlyk görlende, ẏyllyk, diplom işleri we ylmy makalalar ẏazylanda okyjylar üçin goşmaça amatlyklary döredẏär. Talyplar we mugallymlar, şeẏle mümkinçilikden uly höwes bilen peẏdalanẏarlar.

Kitaphana internet bilen üpjün edilendir. Bu bolsa institutyñ professor-mugallymlaryna we talyplaryna dünẏä ylmynyñ iñ täze gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berẏär.


Paýlaş

Taryhy

Türkmen döwlet maliẏe institutynyñ düzüminde örän mö [...]

Kitaphana

Türkmen döwlet maliẏe institutynyñ düzüminde örän mö [...]

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309