Taryhy

1814

    Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň 8-nji iýulyndaky № PP-5800 Permany esasynda açyldy. Institutyň öňünde ẏurdumyzy ösdürmegiñ maliẏe-ykdysady strategiẏasyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek, maliẏe-ykdysady ulgamynda dolandyryşyñ hilini gowulandyrmak üçin maliẏe ugry boẏunça hünärmenleri taẏẏarlamagyñ derejesini has-da ẏokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürip biljek hünärmenleri taẏẏarlamak ýaly möhüm wezipeler durýar.

    Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 8-nji iýulyndaky 11722-nji Karary bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň gurluş düzümi tassyklandy. 2011-nji ẏylda institut 6 hünär boẏunça özüniñ ilkinji talyplaryny okuwa kabul etdi. Institut döredilen ýylyndan başlap, onuň gurluş düzüminiň kämilleşdirilmegi dowam edýär. Milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň zerurulyklary nazara alnyp, institutda hereket edýän hünärleriň sany yzygiderli artdyryldy. 2021/2022-nji okuw ýylyndan institutda işgärleri taýýarlamagyň iki derejeli bilim maksatnamasynyň birinji derejesi, ýagny bakalawr taýýarlyk ugurlary açyldy.

    Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky “Käbir ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek hakynda” 2317-nji Kararyna laýyklykda, Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe-hojalyk işleri 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan doly hojalyk hasaplaşygynda alnyp barylýar. Hojalyk hasaplaşygyna geçilmegi bilen baglanyşykda institutyň Tertipnamasyna zerur üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilip, gaýtadan bellige alyndy.

    Türkmen döwlet maliýe institutynda häzirki wagtda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak hünär maksatnamalarynyň 10-sy we bakalawr maksatnamalarynyň 11-si boýunça Maliýe, Bank işi, Salgytlar we salgyt salmak, Hasap we audit fakultetlerinde alnyp barylýar.

    Institutda Maliýe, Ykdysady nazaryýet, Bank işi, Buhgalterçilik hasaba alnyşy, Salgytlar we salgyt salmak, Ätiýaçlandyryş işi, Maglumat tehnologiýalary, Jemgyýeti öwreniş ylymlary, Daşary ýurt dilleri, Ýokary matematika, Bedenterbiýe kafedralary hereket edýär.

    Talyplara döwrebap bilim bermek, hünär öwretmek üçin institutda ähli zerur şertler döredilendir. Okuwlar interaktiw tagtalar we proýektorlar bilen üpjün edilen okuw otaglarynda alnyp barylýar. Institutda internet merkezi, kompýuter tehnikalary bilen üpjün edilen okalga zaly, kitaphana gaznasy we elektron kitaphana hereket edýär. Olar okuw kitaplaryndan, okuw gollanmalaryndan, ylmy monografiýalardan, çeper edebiýarlardan, gündelik metbugatdan we beýleki gymmatly çeşmelerden peýdalanmaklary üçin institutyň talyplaryna we mugallymlaryna giň mümkinçilikleri berýär.

Paýlaş

Taryhy

Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň [...]

Sanly bilim

Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň [...]

Kitaphana

Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň [...]

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309