Sanly bilim

1720

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda meýilleşdirilen giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam etdirilýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim tory döredildi. Bu tora Türkmen döwlet maliýe institutynyň içki tory birikdirildi.

Türkmen döwlet maliýe institutynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny peýdalanmak maksady bilen, okuw prosesine sanly tehnologiýalar ornaşdyryldy. Häzirki wagtda institutyň internet web saýty (tdmai.edu.tm) we bilim portaly hereket edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky innowasiýa maglumat merkeziniň ýardam bermeginde internet arkaly elýeterli bolan Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilim portaly (tdmai.nesil.edu.tm) döredildi.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň içki we internet bilim portallaryna okuw dersleri boýunça döwrebap elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audio materillary, tanyşdyryşlar we beýleki maglumatlar ýerleşdirilýär. Institutda täze sanly okuw otagy döredildi. Bu okuw otagy internet, häzirki zaman kompýuterler, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Beýleki okuw otaglarda hem kompýuter tehnikalary we interaktiw tagtalar bar.

Institutda uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Talyplaryň we professor-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri we hyzmatdaş daşary ýurtlary uniwersitetleri bilen onlaýn wideo okuwlary hem-de maslahatlary yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen Türkmen döwlet maliýe institutynda elektron kitaphanasy hereket edýär. Bu elektron kitaphanasynyň gory yzygiderli baýlaşdyrylýar. Ylmy-baglag işlerini

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary we professor-mugallymlary okuw, ylmy we usuly işlerinde sanly bilimiň mümkinçiliklerinden gündelik peýdalanýarlar.


Sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek onlaýn maslahatlaryň (seminarlaryň) meýilnamasy

T/bMaslahatyň adySenesi, wagtyJogapkär
1E-kitaphana, e-sapak, e-giriş PÜ bilim edaralarynda ornaşdyrmak barada20.02.2024ý sagat 15:00Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi
2Bilim edaralarynda bilim portallarynyň kämilleşdilişi barada27.02.2024ý sagat 15:00Maglumat tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi
3Köp dilli wizual sözlük arkaly daşary ýurt dillerini özbaşdak öwrenmegiň innowasion usullar06.03.2024ý sagat 15:00Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersiteti
4Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde "Reýting, hil görkeziji, bilim maglumatlary dolandyrmak" ulgamlary14.03.2024ý sagat 15:00"Sanly çözgüt-IT meýdança" HJ
5Ýokary okuw mekdeplerinde STEM we robototehnika tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy28.03.2024ý sagat 15:00Maglumat tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi
6Ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin döwrebap sanly çözgütleri ornaşdyrmaga mümkinçilik berýän IT telekeçilik we Startup ulgamlary05.04.2024ý sagat 15:00"Netijelilik" HJ
7Umumybilim berýän orta mekdepleriň işini sanlylaşdyrmakda "E-mekdep" ulgamynyň orny12.04.2024ý sagat 15:00Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty
8Bilim ulgamynda açyk bilim çeşmeleriniň ulanylyşy boýunça daşary ýurt tejribesini öwrenmek19.04.2024ý sagat 15:00Maglumat tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi
9Kiberhowpsuzlygyň menejmenti26.04.2024ý sagat 15:00Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
10Big data, machine learning, AI tehnologiýalary esasynda bilim ulgamy üçin döwrebap çözgütler03.05.2024ý sagat 15:00Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi
11Ýokary okuw mekdeplerinde kiberhowpsuzlyk ulgamlarynyň (Gözegçilik merkezi üçin) ýöredilişi17.05.2024ý sagat 15:00Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
12Okuw işlerini dolandyrmakda "Forensics" derňewleriniň geçirilişi30.05.2024ý sagat 15:00Türkmen döwlet energetika instituty
13IT we kiberhowpsyzlyk ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň ýol kartalary13.09.2024ý sagat 15:00Maglumat tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi
14Hünär saýlamak üçin programma üpjünçiligi20.09.2024ý sagat 15:00Maglumat tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi
15IT we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça daşary ýurt bilim-ylym edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada11.10.2024ý sagat 15:00Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersiteti
16Sanly tehnologiýalar oba hojalykda25.10.2024ý sagat 15:00S.A.Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
17Sanly tehnologiýalar gurluşykda01.11.2024ý sagat 15:00Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
18Sanly tehnologiýalar nebitgaz pudagynda22.11.2024ý sagat 15:00Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
19"Sanly çözgüt" bäsleşiginiň netijeleri barada29.11.2024ý sagat 15:00Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi
20Ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim, sanly ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy boýunça geçirilen seljerme barada14.12.2024ý sagat 15:00Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi

Paýlaş

Taryhy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary [...]

Sanly bilim

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary [...]

Kitaphana

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary [...]

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309