Ylmy-barlag işleri
812YLMY-BARLAG IŞLERI
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran 14488-nji Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutlýan ugurlary we olar boýunça alnyp barylmaly ylmy-barlag işleriň sanawyna» laýyklykda, Türkmen döwlet maliýe institutynyň kafedralary we «Ösüş» ylmy-barlag merkezi tarapyndan jemi 11 sany ylmy temadan ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ylmy temalaryň 10 sanysy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda döwlet belligine alnandyr we 1 sany tema institutyň Alymlar geňeşinde makullanyp kafedranyň derejesinde ýerine ýetirilýär. Ylmy temalar boýunça ýerine ýetirilýän ylmy barlaglar amaly häsiýete eýedir.
Türkmen döwlet maliýe institutynda häzirki wagtda aşakdaky ylmy temalar boýunça ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär:
Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we ylma höwesjeň talyplary ylmy-barlag işlerine ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar alyp barýan ylmy barlaglarynyň aralyk netejeleri boýunça taýýarlan ylmy nutuklary bilen ylmy-amaly maslahatlarda yzygiderli çykyşlary edýärler, döwürleýin neşirlerde ylmy makalalary çap edýärler. Ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça esaslandyrylan teklipler degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hödürlenilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 9378-nji karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, Türkmen döwlet maliýe institutynda ylmy-pedagogik işgärleri taýýarlamaklyga aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda institutyň mugallymlaryň köpüsi Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alymlyk derejesini almak üçin saýlanyp alnan ylmy temalar boýunça dissertasiýa işlerini ýerine ýetirýärler.