Magistr maksatnamasy

112

Türkmen döwlet maliýe institutynda hereket edýän magistr maksatnamasyna laýyklykda, şu aşakdaky taýýarlyk ugry boýunça ýokary bilimli işgärler taýýarlanylýar: 

  1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: Telekeçilik we maliýe).

Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.

Instituta taýýarlygyň telekeçilik we maliýe ugruna ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; 

  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 

  • ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar); 

  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 

  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 

  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 

  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi. 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 

  • pasportyny; 

  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär: 

taýýarlygyň ugry: telekeçilik we maliýe — ykdysady nazaryýet, maliýe.

Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär. 

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.


Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy: Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, tel.: 49-61-99, 49-07-92.



Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:


Türkmenistanyň Bilim Ministrligi (education.gov.tm)

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309