Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanylýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2025-nji ýylyň 26-njy dekabryndaky karary bilen 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi.
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi agzybir we merdana halkymyza, ýurdumyzyň tutuş ilatyna, şol sanda bilim işgärlerine hem egsilmez şatlyk we buýsanç paýlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň esasynda Türkmenistanda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, beýleki hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ata-babalarymyzyň atşynaslyk däpleri gaýtadan dikeldilýär, türkmen atşynaslyk sungaty täze sepgitlere ýetýär. Ýyndamlygy we owadanlygy bilen bütin dünýäde tanalýan behişdi bedewleriň meşhurlygy barha artýar. Ajaýyp türkmen atlaryna bolan ägirt uly gyzyklanmany göz öňünde tutup, daşary ýurtlardaky ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Türkmen atçylyk sungatynyň dünýä giňişligine işjeň goşulyşmagy ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işinde aýdyň beýanyny tapýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, köpugurly döredijiligi netijesinde häzirki wagtda ahalteke atlarynyň dünýä derejesindäki abraýynyň barha artýandygynyň şaýady bolýarys. Olaryň ÝUNESKO tarapyndan ykrar edilmegi we Arkadag şäherinde öňdebaryjy Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm üstünligi boldy. 2023-nji ýylyň dekabrynda bu guramanyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen bu çözgüt ahalteke atlarynyň bütindünýä mirasy hökmünde ykrar edilmegini şertlendirdi. Arkadag şäheri Türkmenistanyň intellektual platformasyna öwrüldi. Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi onuň ylym-bilim klasteriniň esasy bölegi bolup, merkeziň alyp barýan toplumlaýyn işi ahalteke atlarynyň genofonduny gorap saklamaga, öwrenmäge we olaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga, halk seçgiçiliginiň köpasyrlyk tejribesini häzirki zaman ylmynyň iň täze gazananlary bilen utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Ylmy-önümçilik merkezi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda hereket edýär. Ylmyň we bilimiň şeýle utgaşdyrylmagy talyplara, ýaş alymlara hakyky ylmy-barlag işlerine gatnaşmaga mümkinçilik döredýär hem-de iň öňdebaryjy biotehnologiýalar bilen işlemäge ukyply hünärmenleriň täze nesliniň taýýarlanylmagyny üpjün edýär. 2023-nji ýylda agzalan bilim ojagynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilendigini hem bellemek gerek. Bu çözgüt Arkadag şäheriniň ynsanperwer hyzmatdaşlygyň halkara merkezi hökmündäki derejesini görkezýär. Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi bolsa ÝUNESKO-nyň maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäginde halkara ylmy-amaly maslahatlary, seýisler we weterinar lukmanlar üçin okuwlary guramak hem-de tejribe alyşmak arkaly halkara assosiasiýalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlarynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulan ajaýyp milli mirasymyza – behişdi bedewlerimize we seýisçilik sungatymyza bolan beýik buýsanjyny, çäksiz söýgüsini hem-de gyzyklanmasyny terbiýelemek, olaryň bu babatdaky gyzyklanmalaryny has-da ýokarlandyrmak, ylmy dünýägaraýşyny çuňlaşdyrmak, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň guramaklarynda ýurdumyzyň ýokary synplarynda (11-12-nji synplarda) okaýan mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçirildi.
Bu zehin telebäsleşiginiň esasy wezipeleri:
‒ ýaşlaryň ylmy dünýägaraýşyny ösdürmek, olary türkmen halkynyň baý we gahrymançylykly taryhyndan nusgalyk görelde alyp, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uly tagallalary esasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagynda we milli seýisçilik sungatymyzda, atly sportda gazanýan guwandyryjy üstünliklerini mynasyp ýörelge edinip, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen watansöýüji ýaşlary terbiýelemekden;
‒ ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri ýetişdirmekde we seýislemekde zähmetsöýer halkymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk asylly däplerini dowam etdirjek, täze taryhy eýýamda atçylyk pudagyny we atly sporty ösdürmäge, ganatly bedewleriň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşmaga höwesli ýaşlary ýüze çykarmakdan;
‒ ýaşlary atçylyk we seýisçilik, atly sport bilen baglanyşykly hünärlere ugrukdyrmak işlerini kämilleşdirmekden;
‒ telebäsleşige işjeň gatnaşyp we ýeňiji bolan has zehinli hem-de yhlasly mekdep okuwçylaryny – uçurymlary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda öz isleg bildiren hünäri boýunça okamak üçin saýlap almaga hödürlemekden;
‒ ýaşlarda ahalteke bedewleriniň tohum aýratynlyklaryny, türkmen milli seýisçilik sungatynyň özboluşlylygyny, şöhratly bedewlerimizi we olaryň seýislän tanymal seýislerimiziň iş usullaryny ýörite öwrenmek bilen baglanyşykly ylmy-barlaglary geçirmäge gyzyklandyrmakdan;
‒ ösüp gelýän ýaş nesilde ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki toparynyň dünýä ýaşlarynda we halkara bäsleşiklerinde at üstünde ýerine ýetirýän dürli tilsimlerine, bedewlere ussatlyk bilen erk etmeklerine, at çapmak sungatynyň özboluşly aýratynlyga eýedigini görkezmek boýunça yzygiderli gazanýan üstünliklerine buýsanjy terbiýelemekden ybaratdyr.
Zehin telebäsleşigi atçylyga we atly sporta, milli seýisçilik sungatymyza, şöhratly bedewlerimize, milli at üstündäki oýunlara, behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşykly türkmen halkynyň däp-dessurlaryna, halk döredijiligine degişli ugurlar boýunça geçirildi. Telebäsleşigiň sowallary we ýumuşlary türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Hakyda göwheri» atly we beýleki ajaýyp kitaplarynda hem-de «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» ýaly nusgalyk romanlarynda, şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly çuňňur many-mazmunly nusgalyk eserlerinde, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen köpçülikleýin neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitapda bedew atlara, atçylyga we seýisçilige degişli türkmen halk nakyllary we atalar sözi hem-de atçylyk baradaky kitaplardaky maglumatlaryň esasynda düzüldi.
Zehin telebäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylaryna hödürlenen sowallar we ýumuşlar Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlaryndan, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryndan, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Halkara ahalteke atçylyk akademiýasynyň «Behişdi ahalteke atlary» habarlar-syn beriş žurnalynyň hünärmenlerinden, atşynaslardan ybarat bolan ýörite usulyýet topary tarapyndan taýýarlanyldy.
Telebäsleşigi guramak we geçirmek bilen baglanyşykly işler ýylyň dowamynda alnyp baryldy hem-de ol şu sekiz tapgyrdan ybarat boldy: saýlama tapgyry – bir sany, teleýaýlymda ýazgy edilen tapgyrlary – alty sany, jemleýji tapgyry – bir sany.
Zehin telebäsleşiginiň saýlama tapgyrynda oňa gatnaşmaga isleg bildiren mekdep okuwçylary öz ýaşaýan welaýatyndaky, Aşgabat şäherindäki Baş bilim müdirlikleriniň we Arkadag şäher bilim müdirliginiň guramaklarynda sanly ulgam arkaly hödürlenen sowalnamalara (testlere) jogap berdiler.
Eminler topary telebäsleşigiň saýlama tapgyrynyň netijelerini seljermegiň esasynda, ýokary netije gazanan we has tapawutlanan zehinli mekdep okuwçylaryny telebäsleşigiň indiki tapgyrlaryna gatnaşyjylaryň toparyny kesgitlediler.
Telebäsleşigiň teleýaýlymda ýazgy edilýän we jemleýji tapgyrlary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döwrebap binasynda geçirildi.
Zehin telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň netijesinde I,II, III orunlary eýelän hem-de baş baýraga mynasyp bolan mekdep okuwçylary ýeňijiler hökmünde yglan edildi. Telebäsleşigiň ýeňijileri altyn, kümüş, bürünç medallar hem-de baş baýrak – ýörite kubok bilen sylaglandylar.
Şeýlelikde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen şu ýylymyzda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň möhümleriniň biri bolan şol zehin telebäsleşiginiň ýaňy-ýakynda ýeňijileri belli boldy.
«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip eminler topary tarapyndan şu mekdep okuwçylary yglan edildi: Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň A.I.Belodedow adyndaky 31-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Abdyrahman Şamyýew – baş baýraga, altyn medala we ýörite kuboga; Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güneş Orunowa – I orna, kümüş medala; Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ruhyýa Gutlymyradowa – II orna, kümüş medala; Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Nurjemal Gaýypberdiýewa, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 59-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Oguljan Begowa, Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Oguldürli Öwezmämmedowa – III orna, bürünç medala mynasyp boldylar hem-de olar degişli diplomlara we gymmat baha sowgatlar bilen sylaglandylar. Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Göwher Döwletmyradowa bolsa, tapawutlanlygy üçin zehin telebäsleşiginiň diplomy we gymmat bahaly sowgady gowşuryldy.
Merkezi Aziýada ilkinji ajaýyp «akylly» şäher hasaplanýan Arkadag şäherinde hem-de bu ýerde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döwrebap binalar toplumynda bolup görmekleri we ýakyndan tanyşmaklary «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigine gatnaşan mekdep okuwçylarynda we onlaýň halypalarynda ‒ zehinli mekdep okuwçylaryny telebäsleşige taýýarlan mugallymlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.
«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigine gatnaşan mekdep okuwçylary we olara ýolbaşçylyk eden pedagogik işgärler, telebäsleşigi guraýjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmäge, gorap saklamaga, giňden wagyz etmäge hem-de ýokary hilli bilim almaga we hünärleri öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan sagbolsunlaryny aýtdylar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň
doktory, dosent, zehin telebäsleşiginiň
eminler toparynyň agzasy
TM
EN
RU