16-njy noýabrda Antalýada geçirilýän COP31 maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda «Jemgyýetçilik guramalary we howa çözgütleri: ýerli başlangyçlardan ählumumy hereketlere» atly bäşinji tematiki sessiýa geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we ýaşlar düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Sessiýanyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlaryndan ugur alnyp, bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeler, ýaş nesliň ekologik medeniýetini we howa sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlar bilen tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda howa sowatlylygyny çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ulgamlaýyn esasynda girizilendigi we yzygiderli ösdürilýändigi babatda anyk mysallary arkaly beýan etdi. Sessiýanyň esasy mazmuny Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-nji noýabrda COP31-iň Liderler sammitinde öňe süren bäş başlangyjyndan gelip çykýan wezipeleri hem-de bu babatda adam maýasy, bilim, ýaşlar syýasaty we jemgyýetçilik guramalaryň orunlary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyşda «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň gazanan netijelerine hem aýratyn üns çekildi. Häzirki wagtda bu maksatnama ýurdumyzyň 120 mekdebini we takmynan 160 müň okuwçysyny birleşdirýär. 2030-njy ýyla çenli maksatnama gatnaşýan mekdepleriň sanyny 500-e ýetirmek meýilleşdirilýär.
Sessiýanyň dowamynda ýaşlaryň ekologik başlangyçlara gatnaşygyny giňeltmek, bilim ulgamynda halkara tejribäni ornaşdyrmak hem-de ÝUNISEF, BMGÖM we Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TM
EN
RU