2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 19-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” kafedrasynyň guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Milli mertebe sanly giňişlikde» atly interaktiw häsiýetli okuw sapagy geçirildi. Sapagyň dowamynda sanly ulgamlaryň ösýän şertlerinde talyplaryň maglumat medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm meselelere garaldy. Hususan-da okuw sapaklarynda edep-terbiýe, internet giňişligindäki ýaramaz düşünje-garaýyşlaryň mysallaryny şahsy maglumatlary goramak ýörelgelerine laýyklykda seljermek, şeýle hem ýaşlaryň sanly gurşawdaky özüňi alyp baryş düzgünlerini kämilleşdirmek boýunça mazmunly çykyşlar diňlenildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň döwrebap bilim almagy we sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
TM
EN
RU