2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopediki kitaplar toplumynyň 18-nji jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ylmy-amaly maslahat hem-de ugurlaýyn ýöriteleşdirilen sergi gurnaldy. Uniwersitetiň, Baş dermanhana birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň bilelikde geçiren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri – saglygyň we rowaçlygyň gözbaşy» atly maslahatyna professor-mugallymlar, hünärmenler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Diýarymyzyň baý dermanlyk ösümliklerini ylmy taýdan öwrenmek, olaryň tebigy gorlary, biologik işjeň maddalary, şol sanda onkologiýa kesellerini bejermekde hem-de häzirki zaman lukmançylygynda ulanylyşy baradaky ylmy netijeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäklerinde gurnalan sergide dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan derman görnüşleri, dermanlyk çaýlar, şerbetler, bejeriş suwlary hem-de döwlet we halkara ylmy-taslama bäsleşiklerinde gazanylan üstünlikler görkezildi.
Beýleki täzelikler
TM
EN
RU