"Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan" gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň ýaş nesliniň aýdym-saza bolan höwesini artdyrmak, bu barada bilimini baýlaşdyrmak maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň çagalar sungat mekdeplerinde "Gül çagalar aýdym-sazly mekanda" atly aýdym-sazly festiwalynyň çäginde çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary bilen okuw usuly işler, söhbetdeşlik hem-de çagalary aýdym-saza höweslendirmek maksady bilen konsert geçirildi.

Sungat ynsan kalbynyň aýratyn bir dünýäsi. Durmuşymyň bezegi hem özeni bolan, sungat äleminde her bir günümizi ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebinde, 3-nji çagalar sungat mekdebinde hem-de 4-nji çagalar sungat mekdeblerinde Maýa Kuyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary we halypa mugallymlary bilen bilelikde okuw usuly işler, söhbetdeşlik hem-de çagalary aýdym-saza höweslendirmek maksady bilen konsert geçirildi. Geçirilen bu konsertymyzda halypa mugallymlaryň aýdym-sazyň taryhy döredijiligini gürrüň berip, talyp ýaşlaryň görnükli türkmen kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler, geljekki nesillere görelde bolmak bilen sungatyň nähili ezizdigini görkezmek talyp ýaşlaryň hem-de sungat älemine aralaşan her bir ynsanyň borjudyr.

Saz-sungaty ynsan kalbyny ruhlandyrýan güýçdir. Konsertiň ahyrynda çykyş edenler şular ýaly ajaýyp durmuşda ýaşamana, okamana, döretmäne giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň

ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky

Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi