Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bilim özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ylymly-bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmek üçin hemme mümkinçilikleri döredýär. Gözel Diýarymyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde, ýaşlaryň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplanyldy. Döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkynyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan, watansöýüji nesli kemala getirmek biziň esasy wezipämizdir. Şundan ugur alnyp, bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegini üstünlikli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
2026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda göreldeli zähmet çekip gelýän bilim işgärlerini sylaglaýyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini amala aşyrmak, ylymly, bilimli, watansöýüji sagdyn nesilleri kemala getirmek ugrunda çeken döredijilikli zähmetini, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli terbiýe mekdebiniň ýörelgelerini öňdebaryjy halkara tejribeler bilen sazlaşykly utgaşdyryp, ylmy-usuly nazaryýet esasynda bilim işini ýokary derejede guramakda bitiren aýratyn ussatlyklaryny hem-de bilim edaralarynyň binalaryny we desgalaryny abat saklamak, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagy üpjün etmek ugrundaky göreldeli işlerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň bilim işgärleriniň köpsanlysy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Hormat haty” hem-de Türkmenistanyň Magtumguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanyldy.
“Hormat hata” hem-de sylaga Aşgabat, Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlatyndan, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünden, Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik okuw mekdebinden bilim-terbiýeçilik hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän tehniki işgärleriň ençemesi mynasyp boldy.
Sylaga mynasyp bolan ildeşlerimiz ýürek sözlerini beýan edip, öz çykyşlarynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebap ösdürmekde döredip berýän ýokary şertleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdyp, uzak ýaş, berk jan saglyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde, bilim edaralarynyň binalaryny we olaryň daş-töweregindäki ýerleri talabalaýyk saklamakda mundan bu ýana hem tutanýerlilik bilen, yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Haýdarguly Muhammetgulyýew, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň jogapkär kätibi
TM
EN
RU