Alabaý itleri türkmenleriň iň eý görýän jandarlarynyň biridir. Türkmen alabaýy wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň we edermenligiň alamatydyr. Olar öz hojaýynynyň, öý ojagynyň, mal-mülküniň goragçysydyr. Gadymy daş asyrlaryndan başlap adamlar itleri eldekileşdiripdirler we özleriniň ýakyn dosty hökmünde aw awlamak işlerinde peýdalanypdyrlar. Miladydan öňki 12-7 müň ýyllyklardan başlap, itler adamlaryň iň ýakyn dosty bolupdyr. Muňa ýurdumyzyň çäklerinden tapylan birnäçe tapyndylar hem mysal bolup biler. Ahal welaýatynyň Mäne obasynyň çäklerinde ýerleşen Altyndepe obasyndan, gadymy Marguşdan itleriň terrakota şekiljikleri tapyldy. Miladydan öňki 2 asyr bilen senelenýän Gadymy Nusaý ýadygärliginiň patyşa hazynasyndan tapylan ritonda şekillendirilen ýasy tumşukly, giň döşli, syrtaryp duran dişli itiň boýun bagyndan saklap duran oglanjygyň şekiljigi örän gyzyklydyr. Irki orta asyrlarda hem alabaý itleriniň şekillerini Hazarekdepe, Paryzdepe, Ýylgynlydepe, Daňdanakan ýaly ýadygärliklerden ýüze çykarylýar. Bu tapyndylar türkmen alabaýlarynyň gadymy döwürlerden bäri adamlaryň iň ýakyn wepaly dostlarynyň bolandygyny subut edýär.

Häzirki zaman şekillendiriş sungatynda türkmen alabaýlarynyň keşpleri uly ähmiýete eýe bolýar. Ýaş sungaty söýýän nesillerimiz tarapyndan alabaý itleri dürli häsiýetlerde hem-de görnüşlerde wasp edilýär. Muňa ýakynda Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde geçirilen türkmen alabaýynyň Milli baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy –wepadarlygyň nusgasy» atly bäsleşik sergisi hem aýdyň mysal bolup biler. Bu sergide öz işine ussat suratkeşler bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary hem-de talyp ýaşlary özleriniň döredijilik işleri bilen gatnaşdylar. Sergide B.Aýnazarowyň «Säheriň sazlaşygy», P.Annagylyjowyň «Watan goragynda» ýaly işlerinde alabaýlar goragçy we hüşgär dost hökmünde beýan edilýär. M.Garaýewanyň, M.Salyhowanyň, G.Pirnepesowanyň, J.Muhammetguliýewanyň «Balajyklar» atly kitap bezeg grafikasy üçin ýerine ýetirilen işlerinde alabaý güjüjikleri çagalar bilen iň mähriban dost hökmünde suwly boýaglaryň dürli reňk sazlaşygynda wasp edilýär. J.Gurbanowanyň, Y.Ýaýlymowyň, G.Kirşenowanyň ýerine ýetiren «Senenama 2027» atly senenama işlerinde alabaýlaryň iň owadan foto suratlary saýlanylyp, olaryň gahryman batyrgaý, gaýduwsyz häsiýetleri açyk görkezilýär.

Serginiň dowamynda türkmen alabaýlarynyň keşpleri has döwrebap sungatyň öwüşginlerinde kämilleşýändigini görmek bolýar. Muňa G.Parahatowanyň «Alabaý», A.Rustamowanyň «Wepaly dost alabaý» diýen işlerinde aýnanyň ýüzünde has öwüşginli reňkler we ýalpyldawuk bezeg daşlaryndan düzülen keşplerde alabaýlary golaýdan dabaraly we batyr häsiýetlerde synlap bilýäris.

Umuman bu sergide şu günki günleriň döwrebap sungatynda halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýlarynyň keşpleri täzeçe gözleglere hem-de çeperçilik aýratynlyklara eýe bolýandygyna göz ýetirmek bolar. Çünki döwrebap sungatymyzy milli gymmatlyklarymyzyň görnüşleri bilen baýlaşdyrmak, olary durmuşy häsiýetlerde beýan edip görkezmek bolsa sungat we döredijilik wekilleriniň esasy borjydyr.

Göwher SAPARMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy