2026-njy ýylyň 12–26-njy oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan we Şençžen şäherlerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işgärleri üçin emeli aň we sanly ulgam boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Hytaýyň bilim ulgamynyň ösüşi, sanlylaşdyrma, emeli aň, innowasion tehnologiýalar, sanly ykdysadyýet hem-de halkara hyzmatdaşlygy boýunça temalaýyn okuw sapaklary we tanyşdyryş çäreleri geçirildi. Şeýle hem gatnaşyjylar Alibaba kompaniýasynyň iş tejribesi bilen tanyşdylar.

Okuw maslahaty Hytaýyň öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we innowasion çözgütleri boýunça tejribe alyşmaga, alnan bilimleri Türkmenistanyň bilim ulgamynda, ylmy-barlag işlerinde we ýokary okuw mekdepleriniň sanlylaşdyrylmagynda peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge şert döretdi.

Okuw maslahatynyň netijeleri bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi