2026-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Energetikada innowasion tehnologiýalar: ylym, bilim we önümçilik» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata institutyň professor-mugallymlary, talyplary, aspirantlary hem-de önümçilikde zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda energetika pudagynda innowasion tehnologiýalaryň orny, ylmy gözlegleriň önümçilikde ulanylyşy, bilim bilen önümçiligiň özara baglanyşygy hem-de pudagyň geljekki ösüş mümkinçilikleri barada çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky ähmiýetine, ýaş hünärmenleriň döwrebap bilimleri özleşdirmeginiň zerurlygyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem talyp ýaşlaryň ylmy gözleglere işjeň gatnaşmagynyň, täze pikirleri we döredijilikli başlangyçlary öňe sürmeginiň möhümdigi bellenildi. Ylmy-amaly maslahat ýaşlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekde, olaryň ylma bolan höwesini artdyrmakda we energetika pudagynyň ösüşi bilen bagly täze garaýyşlary kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de ýurdumuzda parahatçylygyň, agzybirligiň we bagtyýar durmuşyň mundan beyläk-de rowaç bolmagy arzuw edildi. Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
TM
EN
RU