2026-njy ýylyň 3-6-njy noýabry aralygynda Awstraliýa Arkalaşygynyň Pert şäheriniň Merdok uniwersitetinde Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň “Emeli aň döwründe uniwersitetleriň gymmaty” atly 17-nji baş maslahatyna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektorlary gatnaşýarlar. Halkara maslahaty dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan bilim we ylym ulgamynyň wekillerini, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny hem-dе halkara hünärmenlerini bir ýere jemledi.
Baş maslahatyň barşynda ýokary bilimi ösdürmegiň häzirki zaman emeli aň we innowasion tehnologiýalary bilim ulgamyna ornaşdyrmak, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uniwersitetleriň eýeleýän orny hem-de halkara akademik hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleri Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzasy bolup durýarlar.
Uniwersitetleriň halkara Assosiasiýasynyň baş sekretary Dr.Iligýe want Land Assosiasiýa tarapyndan 2023-2026-njy ýyllar boýunça ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin çykyş etdi.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň bu halkara çäre gatnaşmagy ýurdumyzyň bilim ulgamyny halkara derejede bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga, talyplaryň we professor-mugallymlaryň akademiki hereketliligini ösdürmäge hem-de bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmäge uly goşant goşar.
Iş saparynyň çäklerinde maslahatyň gün tertibine laýyklykda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys hem-de olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
TM
EN
RU