TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY

«Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça talyplaryň arasynda geçiriljek III Açyk halkara internet olimpiadasyna

ÇAKYLYK

Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça talyplaryň arasynda geçiriljek III Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu olimpiadanyň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys. 

Olimpiadanyň resmi dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleridir.

Olimpiada talyplaryň arasynda özbaşdak bäsleşik görnüşinde geçiriler.

Olimpiada okaýan taýýarlyk ugruna/hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 4-den (dörtden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.

Olimpiadanyň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri bilen kesgitlenilýär.

Olimpiada bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň

http://tdmai.edu.tm/ web sahypasynda ýerleşdiriler.

Olimpiada gatnaşyjylar baradaky maglumatlar 1-nji Goşunda laýyklykda 2026-njy ýylyň 21-nji noýabryna çenli Türkmen döwlet maliýe institutynyň tdmai.tbm@gmail.com elektron poçtasyna iberilmeli.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefon: +993 12 49 88 52, +993 65 65 12 44, +993 65 01 74 85