YHLASYM MYRADYNA GOWUŞDY
16Begşat SAPAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
Bank işi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
YHLASYM MYRADYNA GOWUŞDY
— «4-nji maý» — meniň hakydama müdimilik ýazylan sene. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginde, aýratyn tapawutlanyp «Ylhamly ýigit» adyna eýe bolan, Türkmen döwlet maliýe institutynyň Bank işi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Begşat Saparow» diýen tolgundyryjy jümleleriň owaza öwrülip ýaňlanan güni.
Bäsleşigiň başlanmagynyň öň ýanyndaky pursatlarda gerdenimde uly bir ýük bar ýalydy. Ol ýük bilim ojagym bolan institutymyzyň, mugallymlarymyň, talyp deň-duşlarymyň ynamydy, umydy-dy. Men şeýle beýik ynamy, umydy haklamaga borçludym. Öz-özüme «Sen yhlas et, başararsyň!» diýip, ähli başarnygymy ýeňişli menzillere bagladym. Şol yhlasym bolsa meni döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi etdi.
Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen sözlerine jogap edip, biz — ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge, döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin.
