Startap merkezi
142024-nji ýylda Türkmen döwlet maliýe institutynda professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň we hünärmenleriň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek, innowasion pikirleri goldamak hem-de başlangyç telekeçilik işlerini ösdürmek maksady bilen, Startap merkezi döredildi. Bu merkez ýuridik şahsy döretmezden jemgyýetçilik başlangyçlarynda hereket edýär.
Startap merkeziniň esasy maksady institutyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň täzeçil pikirlerini, taslamalaryny, işewürlik başlangyçlaryny goldamakdan, ösdürmekden we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmekden hem-de institutyň innowasion işini ösdürmäge ýardam bermekden, önümçilik bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda şertleri döretmekden, grantlary çekmekden ybaratdyr.
Startap merkezi şu aşakdaky wezipeleri amala aşyrýar:
1) talyplaryň, mugallymlaryň we işgärleriň innowasion taslamalaryny taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde goldaw bermek;
2) ýaşlaryň işewürlik ukyplaryny ösdürmek üçin okuwlary we maslahatlary guramak;
3) häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän önümçiligiň talap edýän täzeçil innowasion pikirleriň maglumat goryny döretmek;
4) talyplaryň, mugallymlaryň, telekeçileriň we maýadarlaryň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak;
5) ylym-bilim-önümçilik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we goşmaça (maliýe, tehniki goldawlary) serişdeleri çekmek;
6) önümçilik we hyzmat ýaýrawy üçin ähmiýetli ylmy gözlegleri we innowasion taslamalary ýerine ýetirmek üçin bäsleşikleri guramaga institutyň adyndan gatnaşmak;
7) täze tehnologiýalaryň we hyzmatlaryň öndürilmegini we ornaşdyrylmagyny höweslendirmek.
Startap merkeziniň alyp barýan işi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda ylym-bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipelerden ugur alyp, talyp ýaşlaryň, uçurymlaryň, professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň ylmy-önümçilik taslamalaryna gatnaşmaklaryny has-da ýokarlandyrmak, şol taslamalaryň täzeçilligini üpjün etmeklige gönükdirilendir.
Startap merkezinde häzirki wagtda dürli hyzmatlary ýerine ýetirmek we önümleri taýýarlamak hödürlenýär:
1. 3D printer arkaly ýerine ýetirilýän işler:
• plastmassa we beýleki ýörite materiallardan dürli görnüşli önümleri çap etmek;
• okuw maksatlary üçin tejribe modelleri (arhitektura maketleri, tehniki we geometrik şekilleri) taýýarlamak;
• sowgatlyk hem-de gündelik ulanyşa degişli kiçi esbaplary öndürmek;
• brend nyşanlary we logotipleri taýýarlamak.
2. Tafting enjamy arkaly ýerine ýetirilýän işler:
• dürli nagyşly we ölçegdäki halylary we interýer bezeglerini taýýarlamak;
• täze görnüşli el işlerini häzirki zaman tehnologiýasy arkaly döretmek;
• guramalar we hususy müşderiler üçin ýörite sargyt esasynda önümleri taýýarlamak.
3. Laser grawirowka enjamy arkaly ýerine ýetirilýän işler:
• agaç, akril, plastmassa, metal ýaly dürli materiallaryň ýüzünde grawirowka etmek;
• logotipleri, ýazgylary hem-de dürli nagyşlary ýerine ýetirmek;
• şahsylaşdyrylan sowgatlyk önümleri taýýarlamak.
Startap merkezi awtorlara täze taslamalary tejribede barlap görmek, täze işewürlik ugurlaryny döretmek we innowasion bilimi giňden ornaşdyrmak üçin giň ýol açýar.
Startap merkezinde alnyp barylýan taslamalar barada umumy maglumat:
Talyp taslamalary we başlangyçlar:
1. Mini kerpiçlerden düzülýän konstruktor
o Talyp ýaşlar tarapyndan taýýar edilýän bu taslama okuw maksatlaryna we oýun görnüşinde döredijilik işlerine gönükdirilendir.
o Miniatýura görnüşindäki kerpiçlerden dürli arhitektura desgalaryny we gurluşlary döretmek mümkinçiligi döredilýär.
o Bu taslama çagalaryň we ýaşlaryň logiki pikirlenişini, döredijilik ukybyny ösdürmäge gönükdirilendir.
2. QR syýahatçylyk
o Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen talyplar tarapyndan taýýarlanylýan bu taslama, dürli ýerleriň tanyşdyryş wideolaryny QR kod arkaly görmäge mümkinçilik berýär.
o Bu taslama syýahatçylygyň sanly hyzmatlaryny ösdürmekde hem-de dünýäniň medeni-taryhy ýerlerini giňden tanatmakda ähmiýetlidir.
3. “Akylly şäher” taslamalary
o Talyp toparlary tarapyndan taýýarlanylýan bu taslama häzirki zaman şäher dolandyrylyşynda sanly çözgütleri işjeň ulanmagy maksat edinýär.
o Energiýa tygşytlaýjy yşyklandyryş ulgamlary, ekologik ýagdaýy seljermek, awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary ýaly ugurlarda işlenip düzülýär.
o Bu taslamalar şäher infrastrukturasynda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna itergi berýär.
4. Microgreen taslamasy
o Mikroýaşyl ösümlikler ösdürilip ýetişdirilýär.
o Olary sagdyn iýmit hökmünde peýdalanmak hem-de kiçi göwrümli ekinçilik arkaly ykdysady peýda gazanmak maksat edinilýär.
o Taslama ýaşlaryň ekologiýa taýdan arassa önümçiligi öwrenmegine ýardam edýär.
5. Wertikal ferma taslamasy
o Ýer tygşytlaýjy usulda gök önümleri we beýleki ösümlikleri ýetişdirmäge gönükdirilen täzeçil taslama.
o Ýapyk giňişliklerde ýörite lampalaryň kömegi bilen ösdürilip ýetişdirilýän ekinler suw tygşytlaýjy usulda ösdürilýär.
o Bu taslama oba hojalygynyň innowasion çözgütleri hökmünde ýaşlaryň arasynda giňden öwrenilýär.

