HALKARA ZENANLAR GÜNI – 8-NJI MART

91

        Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýän gymmatly ýörelgesidir.
        Bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän 8-nji mart baýramy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenip bellenilýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýyl ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurulýar. Şeýle ajaýyp dabara Türkmen döwlet maliýe institutynda hem geçirildi.
        Dabara gatnaşanlar zenan mertebesini belende göterýän, sarpalaýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömüleriniň uzak bomagyny, tutumly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

19/12/2024

Woleýbol

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji

19/12/2024

Woleýbol

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji

19/12/2024

Milli göreş

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309