SEBITARA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK: DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞIŇ KEPILI
131Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Türkmenistan döwletimiz özüniň oňyn Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, sebitara hem halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek arkaly, dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berýär. Çünki sebitara we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň gazanylmagy parahatçylygyň hem abadançylygyň bähbidine döwletlerde durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegini şertlendirýär. 2025-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat hem bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Elbet-de, forumyň paýtagtymyzda geçirilmegi Türkmenistanyň sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçiliginde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.
Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň hem gülläp ösüşiň bähbidine parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny üstünlikli amal etmekde, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlykda durnukly ykdysady ösüşi gazanmagy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Halkara maslahatyň geçirilýän ýeri, Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde, energetika, ulag-logistika, ekologiýa abadançylygy, senagat, söwda we maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişini gözden geçiriş we täze başlangyçlaryň döwrebap meýdançasyna öwrüldi. Bu forumda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyşynda: «Biziň öňden gelýän we ygtybarly maliýe hyzmatdaşlarymyz bolan Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Katardan, beýleki dostlukly ýurtlardan ösüş gaznalarynyň hemde banklarynyň Merkezi we Günorta Aziýa bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen işini dowam etdirjekdigine ynanýaryn» diýip bellemegi forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Häzirki wagtda ýurdumyz döwletara, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Bu ugurda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary geçirmek arkaly özara birleşikleri döretmek boýunça täze başlangyçlardyr teklipler bilen çykyş edýär. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgesiniň astynda Türkmenistanyň dünýä döwletlerini parahatçylyga hem ynanyşmaga çagyrýandygyny, halkara guramalarynyň ýurdumyza berýän derejeleriniň esasynda ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigini görkezýär. Muny halkara maslahatda garalan meseleleriň aglabasynyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen ynanyşmak, bileleşmek arkaly parahatçylykly ýol bilen çözmegiň teklip edilmegi doly tassyklaýar.
Ýeri gelende bellesek, forumyň çäklerinde Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalary durmuşa geçirmeklige gatnaşmaklaryny gazanmak barasynda hem durlup geçildi. Bilşimiz ýaly, sebit derejeli halkara maliýe institutlary esaslandyryjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine ýardam bermek maksady bilen döredilýär. Döwletleriň arasynda köptaraplaýyn ylalaşyklar netijesinde döredilýän maliýe institutlarynyň esasy wezipesi, maliýe serişdeleri toplamak we sebitde möhüm bolan ykdysady taslamalary amala aşyrmak üçin karz esaslarynda maliýe taýdan kömek bermekligi üpjün edýär. Halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ösmeginiň esasy sebäplerine daşary söwda, medeni-ynsanperwer, ulag-logistika, energetika we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri degişlidir. Bu meseleleri bilelikde, sebit derejesinde çözmek bolsa Maliýe institutlarynyň paýyna düşýär. Häzirki wagtda dünýäniň Maliýe institutlarynyň düzümine Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Saud Arabystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kataryň ösüş gaznalary, Halkara pul gaznasy, Halkara täzeleniş we ösüş banky we beýlekiler girýär. Şeýle-de, Halkara maliýe korporasiýasy we Halkara ösüş assosiasiýasy ýaly maliýe düzümleri hem hereket edýär.
Häzirki döwürde aýry-aýry telekeçileri hem-de işewürleri maliýeleşdirýän maksatly gaznalardan başga-da ýigrimiden gowrak iri maliýe guramalary hereket edýär. Ykdysady nukdaýnazardan häzirki zaman maliýe ulgamyny iki derejä bölmek bolar: birinjisi, halkara derejeli täjirçilik banklary, ikinji bolsa, döwletara maliýe edaralarydyr. Bu günki gün dünýäniň maliýe bazarynda täjirçilik banklaryna möhüm orun degişlidir. Olar diňe halkara tölegleri amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara ykdysady gatnaşyklaryň ähli taraplarydyr ugurlaryny giňişleýin maliýeleşdirmäge we ykdysady durnuklylygyny üpjün etmek mümkinçiligine hem eýedir. Çünki halkara maliýe we maýa goýumlar bazarlarynda dürli ykdysady durnuksyzlyklardan baş çykarýan, maglumat üpjünçiligi doly we dogry bolan kämil maliýe dellallary we karz beriji halkara guramalary hereket edýär. Ýeri gelende bellesek, Halkara derejeli banklar ýa-da karz edaralary haryt alyş-çalşyga az gatnaşmak bilen, ýerine ýetirýän amallarynyň köp bölegini maýa goýumlary amala aşyrmak arkaly öz wezipelerini durmuşa geçirýär.
Dünýäde iri göwrümli banklar halkara maliýe merkezlerini emele getirýär. Olaryň üsti bilen halkara maliýe (pul) akymlarynyň hereketi amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Halkara maliýe guramalarynyň döremegi dünýäde integrasiýa ýagdaýlaryň güýçlenmegi, uly möçberde halkara amallary amala aşyrýan kuwwatly senagat we bank birleşikleriniň ýüze çykmagy bilen şertlendirilýär. Şunuň ýaly maliýe guramalaryň esasy maksady, halkara dereje maliýe serişdelerini sazlamak meselelerini çözmek, şeýle hem maliýe-karz ulgamyny düzgünleşdirmek üçin dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr. Şunda halkara derejeli ygtyýarlyk wekilçiliginiň alamatlary boýunça halkara maliýe institutlarynyň üç esasy toparyny tapawutlandyrmak bolar: birinji topar, oňa guramany esaslandyryjy döwletlere hyzmat edýän maliýe düzümleri degişlidir. Bu guramalar çözgütleri kabul etmekde özbaşdaklyga eýe däldir we olar döwletara pul hasaplaşygyny amala aşyrmagyň guraly hökmünde peýdalanylýar; ikinji topar, oňa döwletara ylalaşyklary amala aşyrýan maliýe institutlary degişlidir. Bu guramalar öz tertipnamasynyň maksatlaryny we wezipelerini amala aşyranda özbaşdaklyga eýedir; üçünji topar, bu topara öz ileri tutýan iş ugurlaryny we öňde goýlan maksatlaryna ýetmek ýollaryny özbaşdak kesgitleýän, häzirki wagtda dünýäde has ähmiýetli halkara maliýe institutlary degişlidir.
Umuman halkara guramalary we Maliýe institutlary dünýäde bir bitewi maliýe-karz syýasatynyň halkara standartlaryny emele getirip, sebitiň hem dünýäniň ähli döwletleriniň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.