INFORMATIKA BOÝUNÇA DERS BÄSLEŞIGI

357

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn kemala gelmekleri, milli ruhda terbiýelenmekleri, döwrebap bilim almaklary, ylym bilen meşgullanmaklary, geljekde saýlap alan ugurlarynda kärine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýärler.  

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2025-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda çykaran №25 belgili Buýrugy bilen tassyklanan 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda dersler boýunça bäsleşikleri geçirmegiň Tertibine laýyklykda, Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda orta mekdepleriň XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda 2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde “Informatika” dersinden bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta mekdeplerinden jemi 95 okuwçy gatnaşdy.

Informatikadan geçirilen ders bäsleşigi okuwçylaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, olaryň amaly endiklerini ösdürmäge, programmirleme we modelirleme boýunça gyzyklanmalaryny artdyrmaga, çalt depginler bilen emele gelýän sanly ykdysadyýetiň  hünärlerine bolan höweslerini döretmäge ýardam berer.  

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlaryndan düzülen emin agzalary «Informatika» dersinden geçirilen bäsleşigiň netijelerini jemlediler hem-de birinji, ikinji we içinji orunlary eýelän mekdep okuwçylaryny kesgitlediler. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiş gazanan okuwçylara Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan taýýarlanan I, II we III derejeli Diplomlar, şeýle hem sowgatlar gowşuryldy.

Paýlaş

19/12/2024

Woleýbol

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309