“Parahatçylyk sazy – dost doganlyk aýdymy” atly bilelikdäki konsert

129


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda  milli medeniýetimizi ösdürmekde, jemgyýetiň agzybirligini wasp etmekde, baý medeni mirasymyzyň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezmekde ägirt uly işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli 2025-nji ýylyň 28-nji martynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň Kamera orkestriniň we aýdymçy talyplarynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň talyplarynyň bilelikde “Parahatçylyk sazy – dost doganlyk aýdymy” atly konserti geçirildi. Bu ajaýyp konserte institutyň talyplary we mugallymlary uly höwes bilen tomaşa etdiler  we lezzet aldylar. Bu konsertde çykyş edenler özleriniň joşgunly ajaýyp aýdym-sazlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzdaky buýsançly ösüşler, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri, ruhubelent durmuşymyz, dostluk-doganlyk, parahatçylyk özüniň aýdyň beýanyny tapdy.

Hususan-da, doganlyk ýurtlarynyň dilinde ýaňlanan meşhur aýdymlar talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň Kamera orkestriniň aýdymçysy Täzegül Baýramowanyň, Mansur Şaripowyň “Sway”, “Adele-Rolling in the deep”, “Queen – the show must go on”, “Je T’aime”, “Aх это девушка” ýaly aýdymlar ruhy lezzet paýlady.

Halypa kompozitorlaryň sazyna döredilen “Watanym Türkmenistan”, “Gyz”, “Aýgytly ädim” kinofilminden “Artygyň aýdymy”, “Iki agaç”, “Lebaply gyz”, “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok” atly aýdymlary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň Kamera orkestriniň we aýdymçy talyplarynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň talyplarynyň bilelikde ýerine ýetirmegi tomaşaçylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň Kamera orkestriniň sazandalarynyň drižer Omar Igamowyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetiren sazlary tomaşaçylarda ruhy lezzet döretdi.

Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar “Şöhrat Arkadaga, Arkadagly Serdara” atly aýdyma goşulyp, tomaşaçylar ör turup, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaçlyklara beslenvqn işlerini alkyşladylar.

Konserte gatnaşanlar milli medeniýetimizi ösdürmekde, jemgyýetimiziň agzybirligini wasp etmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.




           

Paýlaş

19/12/2024

Woleýbol

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309