Ylmy-barlag merkezi

643

2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Ösüş» ylmy-barlag merkezi döredildi. Bu merkez Düzgünnama esasynda hereket edýär.

«Ösüş» ylmy-barlag merkezi Türkmen döwlet maliýe institutynyň gurluş düzüme degişli bolup, ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini guraýar we amala aşyrýar. Merkez edara görnüşli tarap bolup durmaýar we onuň işi meýletin jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda amala aşyrylýar.

«Ösüş» ylmy-barlag merkeziň işine Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlarynyň düzüminden alymlyk derejesi bolan mugallym ýolbaşçylyk edýär. Bu merkeziň agzalygyna ylma höwesjeň Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary girýärler.

«Ösüş» ylmy-barlag merkeziň maksady ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmekden, innowasion ylmy-okuw maksatnamalaryny we ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmeklige gönükdirilen taslamalary işläp düzmekden hem-de tejribä ornaşdyrmakdan ybarat.

Kesgitlenen maksada laýyklykda Merkeziň öňünde şu aşakdaky wezipeler durýar:

  • ylmy ugurlaryna laýyklykda düýpli we tejribe ähmiýetli barlaglary geçirmek;
  • tematik barlaglary boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen işleri utgaşdyrmak we aragatnaşygy saklamak;
  • ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanda we daşary ýurtlarda alnyp barylýan düýpli we tejribe ähmiýetli barlaglary seljermek;
  • ylmy-barlag işleriniň netijelerini çap etmek (tezisleri, ylmy makalalary, monografiýalary), okuw prosesine girizmek, ylmy-usulyýet materiallary işläp düzmek;
  • seminarlary, konferensiýalary we beýleki ylmy çäreleri geçirmek;
  • halkara ylmy gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek;
  • ylmy-barlag işlerine Institutyň professor-mugallymlaryny, talyplaryny, aspirantlaryny we beýleki hünärmenleri çekmek;
  • ylmy we ylmy-derejelendiriş işlere seslenme we syn ýazmak, opponent bolup çykyş etmek, ylmy maslahatlary bermek;
  • ylmy-barlag işlerini guramagyň we ýerine ýetirmegiň çäginde gaýry wezipeler.

«Ösüş» ylmy-barlag merkezde «Önümçiligiň netijeliligini optimal kesgitlemegiň ykdysady-matematiki modelleri we usullary (Milli ykdysadyýetiň gurluşyk pudagynyň mysalynda)» atly temadan ýerine ýetirilen ylmy-barlag işiniň netijeleri, ýagny gurluşyk kärhanasynyň ykdysady netijeliligine seljerme geçirmegiň usulyýeti, şeýle hem gurluşyk kärhanasynyň işiniň ykdysady netijeliligine baha bermek üçin işlenip düzülen integral görkeziji Ahal welaýat häkimliginiň «Ahalgurluşyk» önümçilik birleşigine hödürlenildi we bu birleşigiň işinde peýdalanylýandygy barada Güwanama alyndy.

Häzirki wagtda merkez tarapyndan «Önümçiligiň köpkriterili optimallaşdyrma meselelerini kompýuter programmalarynda çözmek (Milli ykdysadyýetiň dokma senagatynyň mysalynda)» atly temadan ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär.

Merkeziň ýerine ýetirýän ylmy temasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda döwlet belligine alnan.

Ylmy temanyň ýerine ýetirilýän möhleti:

  • başlanan wagty: 01.01.2023ý.
  • tamamlanýan wagty: 31.12.2025ý.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Ösüş» ylmy-barlag merkezi ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleri bilen baglanyşykda önümçilik bilen aragatnaşyk saklamak babatynda ähli tagallalary edýär.

Paýlaş

Ylmy gurnaklar

2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Ösüş» ylmy- [...]

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309