Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar barada uly aladalar edilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän gününde meniň durmuşymda aýratyn tolgundyryjy we ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak – bu diňe bir sylag däl, eýsem maňa bildirilen ýokary ynamyň, goldawyň we geljekki has uly sepgitlere bolan jogapkärçiligiň nyşanydyr.
      Bu babatda döredijilik ýoluna düşen ilkinji günlerimden bäri ýanymda bolan, ruhlandyran, dogry ýol görkezen halypalaryma, maşgalama we dostlaryma çäksiz sagbolsunlary aýdýaryn. Her bir kynçylyk we her bir synag meni has-da taplady, maksatlaryma has ýakynlaşdyrdy.
Ýaşlaryň döredijiligine, bilimine we ösüşine giň mümkinçilikler açylýan döwürde şeýle belent ada mynasyp bolmak meniň üçin – uly bagt we buýsanç.
   Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap ylym¬dyr bilim almaklary, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri, döredijilikli zähmet çekmekleri, zehinlerini açyp görkezmekleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, bütinadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!