Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XVI Uniwersiadanyň çäklerinde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça gyzlaryň arasynda toparlaýyn ýaryş geçirildi.
Bu ýaryşa Türkmen döwlet maliýe institutynyň adyndan Salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Berdyhanowa Şirin hem-de Maliýe fakultetiniň magistri Çarwaýewa Enejan gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.
Ýaryşyň netijeleri boýunça institutymyzyň talyplary baýrakly III orna mynasyp bolup, Hormat haty bilen sylaglandylar.
Bu gazanylan üstünlik talyplarymyzyň sporta bolan höwesiniň, yhlasly taýýarlygynyň we toparlaýyn agzybirliginiň netijesidir.
Institutymyzyň talyplaryny gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we olara geljekde geçiriljek sport ýaryşlarynda täze ýeňişleri arzuw edýäris!
TM
EN
RU