Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar barada uly aladalar edilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän gününde meniň durmuşymda aýratyn tolgundyryjy we ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak – bu diňe bir sylag däl, eýsem maňa bildirilen ýokary ynamyň, goldawyň we geljekki has uly sepgitlere bolan jogapkärçiligiň nyşanydyr.
Bu babatda döredijilik ýoluna düşen ilkinji günlerimden bäri ýanymda bolan, ruhlandyran, dogry ýol görkezen halypalaryma, maşgalama we dostlaryma çäksiz sagbolsunlary aýdýaryn. Her bir kynçylyk we her bir synag meni has-da taplady, maksatlaryma has ýakynlaşdyrdy.
Ýaşlaryň döredijiligine, bilimine we ösüşine giň mümkinçilikler açylýan döwürde şeýle belent ada mynasyp bolmak meniň üçin – uly bagt we buýsanç.
Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap ylym¬dyr bilim almaklary, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri, döredijilikli zähmet çekmekleri, zehinlerini açyp görkezmekleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, bütinadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!
Soňky täzelikler
19.11.2026
XVI Uniwersiadada şaşka boýunça talyp gyzlarymyz baýrakly orna eýe boldylar
«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XVI Uniwersiadanyň çäklerinde geçirilen ş…
19.11.2026
Türkmen döwlet maliýe instituty XVI Uniwersiadada III orna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Türkmenistan — ruhubelentl…
19.11.2026
Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça geçirilen ýaryşda institutymyzyň talyplary III orna mynasyp boldylar
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýur…
02.11.2026
XVI UNIWERSIADADA I ORUN
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäni we s…
09.09.2026
TDMaI — milli reýting görkezijileriniň bahalandyrmasynyň netijelerine laýyklykda I orna mynasyp boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, üstünlikli durmuşa ge&…
09.09.2026
«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň hünärmenleri bilen önümçilik duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmen döwlet maliýe institutynyň Mejlisler zalynda talyp ýaşlar we mugallymlar bilen …
09.09.2026
“TALYP GÖZELI – 2026” BÄSLEŞIGINDE TALYBYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini …
09.09.2026
HALKARA ZENANLAR GÜNI DABARALY BELLENILDI
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda gül-lälelere beslenip gelen b…
23.08.2026
TÜRKMENISTANYŇ TALYPLAR WOLEÝBOL LIGASYNDA I ORUN
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew …
TM
EN
RU