Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary

43

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI


TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY



«Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça talyplaryň arasynda geçiriljek Açyk halkara internet olimpiadasyna


ÇAKYLYK


Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça talyplaryň arasynda geçiriljek Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu olimpiadanyň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys. 

Olimpiadanyň resmi dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleridir.

Olimpiada talyplaryň arasynda özbaşdak bäsleşik görnüşinde geçiriler.

Olimpiada okaýan taýýarlyk ugruna/hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 4-den (dörtden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.

Olimpiadanyň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri bilen kesgitlenilýär.

Olimpiada bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň

http://tdmai.edu.tm/ web sahypasynda ýerleşdiriler.

Olimpiada gatnaşyjylar baradaky maglumatlar 1-nji Goşunda laýyklykda 2024-nji ýylyň 15-nji oktýabryna çenli Türkmen döwlet maliýe institutynyň info@tdmai.edu.tm elektron poçtasyna iberilmeli.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefon: +993 12 49 25 91, +993 65 65 12 44, +993 65 01 74 85


Ýüklemek - TDMaI_MHHS_Düzgünnama.pdf


Olimpiadanyň guramaçylyk topary

Paýlaş

Maliýe howpsuzlygy

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGITÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY«Maliýe hasabatlylygynyň [...]

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309