Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň okuwçylary ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda “Gözelligi dünýä dolan bedewler” ady bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginde türkmen bedewleriniň waspy aýratyn orun tutýar. Onuň eserlerinde ahalteke bedewleriniň gelip çykyşy, nesil aýratynlyklary, gözelligi, ýyndamlygy hem-de türkmen halkynyň durmuşyndaky orny barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Şeýle-de atşynaslyk sungatynyň nesilden-nesle geçip gelýän milli tejribeleri, halkymyzyň bedewlere bolan söýgüsi we sarpasy giňden şöhlenendirilýär. Çagalar kitaphanasynyň hünärmeni ýaş nesillere şular dogrusynda hem-de Ak han atly türkmen bedewiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girip halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülendigi barada hem täsirli gürrüňleri berdi.

Türkmen bedewine buýsanýan pursatlaryň, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmeniň buýsanjy” atly goşgusy kalbymyza dolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň waspyny beýan edýän “Türkmeniň buýsanjy” atly ajaýyp goşgusyny okuwçylar hem uly buýsanç bilen ýatdan labyzly aýdyp berdiler.

Bu duşuşykda okuwçylar kitap sergileriniň üsti bilen türkmen halkyny müňýyllyklardan bäri dünýä tanadan ahalteke bedewleriniň edermenligi, gözelligi, mertligi, wepaly dostlugy barada birnäçe maglumatlar bilen tanyş boldular.

Soňra okuwçylar ata Watanymyzyň gözelligine bolan söýgülerini tebigatymyzyň gözelligini şöhlelendiýän ajaýyp suratlary, kitaplary synlap, özlerinde galdyran täsirleri suratlara geçirip, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşan okuwçylar Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň “Türkmeniň buýsanjy” atly goşgusynda milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga we dünýä ýaýmaga aýratyn üns berip, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende göterýän Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler.

Zülfiýa Annamuhammedowa,

Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen

44-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy