20-nji noýabrda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebiniň dzýu-do göreş zalynda "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany" ýylynda sportuň dzýu-do görnüşi boýunça 2010-2011-2012-2013-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda “Olimp” orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden we paýtagtymyzyň sport mekdeplerinden gelen ýaş türgenler dürli agram derejelerinde özara güýç synanyşdylar.
Halkara federasiýasy (IFJ) tarapyndan tassyklanan düzgünler boýunça geçirilen ýaryşa gatnaşan “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçy türgenleri işjeňlik görkezdiler. Mekdebiň adyndan ýaryşa gatnaşan Narbaýew Merdan 38 kg, Bäşimow Dawut 35 kg, Yagşyyew Merdan 60 kg, Nuriddinow Sardorbek 81 kg agramlarda çykyş edip 1-nji orny eýelemegi başardylar.
Ýaryşyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, geljegi uly bolan ýaş dzýudoçylary ýüze çykarmakdan we olaryň ussatlyk derejelerini kämilleşdirmekden ybarat boldy.
Çekeleşikli geçen tutluşyklar örän gyzykly häsiýete eýe boldy. Ýaş türgenler ýeňiş gazanmak ugrunda ýokary taýýarlygyny hem-de erjellik görkezdiler.
Ýaryşyň jemleri boýunça dürli agram derejelerinde ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebiniň Hormat hatlary gowşuryldy.
Güljahan AMANOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komitetiniň “Olimp”
orta sport mekdebiniň mugallymy
TM
EN
RU