2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň jemgyýetçilik guramalarynyň Elektroenergetiki ulgamlar kafedrasy bilen bilelikde guramaklarynda “Elektroenergetiki ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň ähmiýeti” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahata institutyň ugurdaş kafedralarynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda “Akylly elektroenergetiki ulgamlaryň (Smart Grid) esasy aýratynlyklary we dolandyrylyşy”, “Okuw prosesinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň amaly ähmiýeti”, “Sanly ulgam näme we onuň esasy maksady nämeden ybarat?”, “Sanly ulgamyň esasy ugurlary we tehnologiýalary”, “Netije we geljekki mümkinçilikler” temalar boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi.
Okuw-usuly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň energetika pudagyny sanlylaşdyrmakda, bilim ulgamyna öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
TM
EN
RU