2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň we “Energiýany tygşytlamagyň tehnologiýalary” kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyp yaşlaryň gatnaşmaklarynda Howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmek baradaky teklibe bagyşlanyp, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýany tygşytlaýan tehnologiýalar barada “Energiýany tygşytlamak – tebigaty goramak” atly okuw sapagy geçirildi. Sapagyň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ähmiýeti, energiýany tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalaryň ulanylyşy barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaşyl energetikany ösdürmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini önümçilige ornaşdyrmak hem-de ýaş nesliňdöwrebap we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
TM
EN
RU