27-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaraly maslahat barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döredilen gününden bäri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň binýadyny pugtalandyrmaga, raýatlarymyzyň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamaga uly goşant goşup, ýurdumyzyň syýasy güýjüne öwrüldi. Häzirki döwürde partiýanyň işjeň agzalary hormatly Prezidentimiziň strategik syýasatynyň, giň gerimli özgertmeleriniň taryhy ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Demokratik partiýanyň döredilen güni mynasybetli “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — agzybirligiň, jebisligiň we milli demokratiýanyň dabaralanmagy” atly dabaraly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň çäginde şanly senä gabatlanyp yglan edilen “Göreldeli wagyzçy” atly bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmak, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen senesi mynasybetli dabaraly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi