2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyň çäklerinde geçirilen Işewürler maslahaty sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlarda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şu möhüm wakanyň ähmiýetini açyp görkezmek, onuň netijeleriniň bilim ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşygyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Türkmenistan — dostlugyň mekany» atly tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi.

Tegelek stol söhbetdeşliginde halkara hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmekde, ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde, ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda eýeleýän orny barada giňişleýin pikir alşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişliginde dost-doganlyk, özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandy barada durlup geçildi.

Samarkant şäherinde geçirilen Işewürler maslahatynyň sanly tehnologiýalar, bilim we saglyk, wajyp minerallar we gazylyp alynýan serişdeler, energetika we ulag infrastrukturalary, oba hojalygy we dokma toplumy, maliýe hem-de maýa goýum ýaly möhüm ugurlary öz içine almagy häzirki döwrüň ykdysady ösüşiniň köpugurly häsiýetini görkezýär. Bu ugurlaryň her biri ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy mümkinçilikleri ösdürmek we innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Işewürler maslahatynyň bilim we saglyk, energetika we ulag infrastrukturalary sessiýalarynyň işine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekili gatnaşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmekde we olaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Häzirki wagtda bilim islendik döwletiň durnukly ösüşiniň, ykdysady kuwwatynyň we halkara bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onuň hilini ýokarlandyrmak, ylmyň we bilimiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Tegelek stol söhbetdeşliginde inženerçilik biliminiň ähmiýetine hem aýratyn üns berildi. Sebäbi nebitgaz pudagynyň, senagat önümçiliginiň, energetikanyň, ulag infrastrukturasynyň we sanly tehnologiýalaryň ösüşi, ilkinji nobatda, döwrebap bilimli, ýokary hünär taýýarlykly inženerlere baglydyr. Häzirki zaman inženerçilik biliminde emeli aň, awtomatlaşdyryş ulgamlary, maglumat tehnologiýalary, energiýa tygşytlaýjy çözgütler we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly bilimleriň orny barha artýar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we halkara dialogyny pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň ähmiýeti barada hem pikir alşyldy. «C5+1» formatyndaky duşuşyklaryň we onuň çäklerinde geçirilýän işewürlik çäreleriniň sebit ýurtlarynyň arasynda tejribe alyşmak, täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de umumy ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Gepleşigiň ahyrynda, tegelek stoluň başynda çykyş eden wekiller Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döretmek we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleri üçin çuňňur hoşallygyklaryny bildirdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti