2026-njy ýylyň 21-23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahaty we sergisi nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ylmy-tehniki tejribeleri alyşmak hem-de döwrebap tehnologiýalary giňden tanyşdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Bu halkara çärä Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti öz sergi pawiliony bilen işjeň gatnaşdy. Uniwersitetiň pawilionynda professor-mugallymlaryň ylmy-barlag işleriniň netijesinde taýýarlanan önümler, innowasion işläp taýýarlamalar, tehniki çözgütler we maketler görkezildi. Olar myhmanlarda uly gyzyklanma döredip, ýokary okuw mekdebinde ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijelerini açyp görkezdi.

Serginiň dowamynda myhmanlar uniwersitetiň ylmy mümkinçilikleri we nebitgaz pudagy üçin döwrebap hünärmenleri taýýarlamak boýunça uniwersitetde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Şeýle hem bu çäre ylmy işläp taýýarlamalary tanyşdyrmak, tejribe alyşmak we pudagyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy.

Halkara ylmy maslahata uniwersitetiň professor-mugallymlary hem gatnaşyp, nebitgaz pudagynda täze tehnologiýalary ulanmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly çözgütleri ornaşdyrmak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalara goşant goşdular. Maslahatyň çäklerinde geçirilen çykyşlar we ylmy pikir alyşmalar hünärmenleriň tejribesini baýlaşdyrmaga hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge ýardam berdi.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» halkara maslahaty we sergisi uniwersitetiň ylmy gazananlaryny giňden tanyşdyrmak, halkara ylmy-tehniki gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ylmyň we önümçiligiň arabaglanyşygyny ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Uniwersitetiň bu çärä işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga gönükdirilen ylmy-barlag işleriniň ähmiýetini ýene bir gezek görkezdi.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti