2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda «Ýaşlar — ýurdumyzynyň kuwwaty, ösüşleriň badalgasy we nurana geljegimizdir» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ähmiýetli wakalarynyň çäklerinde guralyp, Garaşsyzlyk ýyllary içinde eziz Diýarymyzyň gazanan üstünliklerini, ýetilen belent sepgitlerini ýaşlar köpçüligine ýetirmek, ýaş nesliň watançylyk ruhuny has-da belende götermek maksadyny özünde jemledi. Şeýle hem ýaşlaryň ata Watanymyza bolan söýgüsini, milli gymmatlyklarymyza hormat goýmagyny, döredijilik we sungat ugrundaky başarnyklaryny ösdürmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, öz ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmegi üçin döredilýän giň mümkinçiliklere ýokary baha berdiler. Şeýle hem ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi, olaryň jemgyýetiň ösüşine goşýan mynasyp goşantlary barada buýsanç bilen nygtaldy. Dabaranyň ahyrynda ýaşlara okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge we eziz Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty