Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere laýyklykda talyp ýaşlaryň bilimlerini, başarnyklaryny, ukyplaryny ýokarlandyrmak, ýaşlaryň arasynda tehnologik we innowasion telekeçilik ukyplaryny bütinleý kämilleşdirmek, olaryň döredijilikli we täzeçil ideýalaryny hakyky durmuşda amala aşyryp boljak startap taslamalaryna öwürmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde «Ýaş telekeçiler meýdançasy – 2026» atly Hakaton bäsleşigi geçirildi. Bu halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasion bäsleşigiň esasy maksady häzirki zaman dünýäsiniň iň möhüm meselelerine talyplarymyzyň gözi bilen seretmek, olaryň täzeçil pikirlerini durmuşa geçirip boljak startap taslamalaryna öwürmekden we telekeçilik ukyplaryny ösdürmekden ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşan ukyply talyp ýaşlar döwrebap ykdysadyýetiň we tehnologiýanyň iň öňdebaryjy ugurlary: Sanly we akylly tehnologiýalar, elektron söwda we logistika, bilim we saglygy goraýyş, «Greentech» we ekologiýa, kreatiw ykdysadyýet we durmuş telekeçiligi boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 55 sany zehinli we döredijilikli talyplar gatnaşyp, uniwersitetiň içki torunda ýerleşdirilen soraglara jogap berdiler. Adalatly eminler toparynyň jikme-jik baha bermeginiň netijesinde bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlendi:12 talyp 3-nji orna, 10 talyp 2-nji orna, 7 talyp bolsa iň ýokary netije görkezip, 1-nji orna mynasyp boldular! Ýeňiji bolan talyp ýaşlara degişli diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan talyplar ýaşlar döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.