Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işi döwrüň talaplaryna laýyklykda täze derejä çykarylýar. Şunuň bilen ylym bilen önümçiligiň sazlaşykly baglanyşygyny üpjün etmek, ýokary bilimi hakyky zähmet bazarynyň isleglerine we senagat pudagynyň ösüş depginine uýgunlaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Şu maksat bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Ykdysadyýet fakultetiniň «Logistika» kafedrasynyň professor-mugallymlary we «Hazar Logistika» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçy düzüminiň arasynda ýörite niýetlenilen iş maslahaty geçirildi.
Iş maslahatyň çäklerinde taraplar ýokary okuw mekdebi bilen hojalyk jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmak, maksatlaýyn bilim maksatnamalaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Iş maslahatyň dowamynda ýokary okuw mekdebinde talyplara berilýän bilimiň zähmet bazarynyň hakyky talaplaryna we häzirki zaman senagatynyň wezipelerine görä yzygiderli kämilleşdirmek babatda pikir alyşyldy.
Söhbetdeşligiň esasy üns merkezi talyplary önümçilik şertlerine irki döwürde uýgunlaşdyrmaga, olaryň hünär başarnyklaryny bazar soraglaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirildi. Şeýle hem, ýurdumyzyň senagat kärhanalary üçin bäsdeşlige ukyply, ýokary hünärli logistika hünärmenlerini taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.
Ýokary okuw mekdebiniň wekiliýeti hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bilen duşuşykda uniwersitetleriň innowasion hem-de ylmy-barlag işlerini göni önümçiligiň zerurlyklaryna gönükdirmegiň möhümligini bellediler. Bu bolsa okuw işine döwür bilen aýakdaş ädim ädýän täzeçil çemeleşmeleri we sanly tehnologiýalary ornaşdymaga giň ýol açýar.
Iş maslahatyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini, ylym, bilim we önümçilik ugrunda gatnaşyklaryň berkidilmegine goşant goşjak täze bilelikdäki taslamalaryň we okuw-usuly çäreleriň meýilleşdirilýändigini tassykladylar.
Ykdysadyýet fakultetiniň «Logistika» kafedrasynyň mugallymlarynyň «Hazar Logistika» hojalyk jemgyýeti bilen geçirilen bu duşuşygy ýurdumyzda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda we bilim ulgamyny işewürlik hem-de önümçilik pudagy bilen berk baglanyşdyrmakda möhüm ädim bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durnukly ulag syýasytynyň esasynda ýurdumyzda ägirt uly ulag taslamalary durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly, Garabogaz köli üstünden geçýän awtomobil köprüsi hem – de ençeme şulara meňzeş inženerçilik desgalary çykyş edýär. Bu taslamalar geljekde ýurdumyzda halkara ulag – logistika infrastrukturasyny emele getirmekde, ýurdumyzyň amatly tranzit geçelgesi hökmünde uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň amatly geografik sebitde ýagny beýik ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşmegi ýurdumyz üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Şu maksat bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Ykdysadyýet fakultetiniň «Logistika» kafedrasynyň talyplary «Hazar Logistika» kompaniýasynda göçme okuw sapagyny geçdiler. Bu çäräniň esasy maksady — ýaş hünärmenleriň alyp barýan nazary bilimlerini berkitmekden we amaly endiklerini ösdürmekden ybaratdyr. Göçme okuw sapagynyň dowamynda logistika ulgamynyň häzirki zaman tendensiýalary, halkara üstaşyr geçelgeler, şeýle hem üpjünçilik zynjyrlaryny dolandyrmakda sanly tehnologiýalary ulanmak meselelerine seredildi. Kompaniýanyň wekilleri öz iş tejribeleri bilen paýlaşyp, talyplaryň sowallaryna giňişleýin jogap berdiler. Müdiriýetiň we hünärmenleriň belleýşi ýaly, mundan beýläk-de alnyp baryljak hyzmatdaşlyk talyplaryň geljekde ýurdumyzyň ykdysadyýetine mynasyp goşant goşjak, bäsdeşlige ukyply hünärmenler bolup ýetişmeklerine berk binýat bolup hyzmat eder.
Göçme okuw sapagynyň çäklerinde talyplar kompaniýanyň umumy gurluşy, logistik amallaryň guralyşy, ammar hojalygyny dolandyrmak we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen işleşiş tertibi bilen ýakyndan tanyşdylar. Kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen okuw sapaklarynda häzirki zaman logistika ulgamynyň ykdysadyýetdäki we üpjünçilik zynjyrlaryndaky ähmiýeti giňişleýin beýan edildi. Talyplar ýükleri daşamak, üstaşyr geçelgeleri dolandyrmak, logistik prosesleri awtomatlaşdyrmak we sanly tehnologiýalary hem-de emeli aň tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak işleriniň ädimme-ädim guralyşyny gözden geçirdiler.
Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplar häzirki zaman logistika merkezlerinde maglumat akymlarynyň dolandyrylyşyny, ýükleriň howpsuzlygyny we wagtynda eltilmegini üpjün edýän täzeçil çözgütleri anyk mysallarda gördüler. Şeýle hem, kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan halkara standartlary, ekologiýa taýdan arassa we energiýa tygşytlaýjy logistika ýörelgeleri, howpsuzlyk kadalary baradaky gymmatly maglumatlar talyplara ýetirildi. Talyplar bu sapar arkaly öz hünär ugry bilen bagly önümçilikde ulanylýan innowasion tehnologiýalar we dolandyryş usullary bilen tanyşdylar. Olar geljekki ýaş hünärmenler hökmünde logistika pudagy baradaky düşünjelerini giňeldip, täze gözýetim gazandylar.
Bu göçme okuw sapagy ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegine, bilim bilen tejribäniň utgaşmagyna we hünär başarnyklarynyň ösdürilmegine ýardam berdi. Sapara gatnaşan talyplar tarapyndan geljekde hem şeýle tejribe saparlarynyň we hyzmatdaşlygyň dowamly guralmagy baradaky teklipler beýan edildi.
Ykdysadyýet fakultetiniň «Logistika» kafedrasynyň talyplarynyň «Hazar Logistika» kompaniýasyna eden göçme okuw sapary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň önümçilik we işewürlik pudagy bilen berk baglanyşykly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu tejribe ýaşlara diňe bir amaly başarnyklary däl, eýsem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ösüşine şahsy goşant goşmak üçin uly ylham berýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
TM
EN
RU