2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan gurnalan «Ene - tebigat» atly halkara sungat sergisiniň dowam edýän günlerinde, ýagny 5-nji noýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismеt Gezalowyň guramaçylygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Saadat Ýusifowa, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary, ilçileri sergini görmäge geldiler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda guralan bu sergi eziz diýarymyzyň halkara gatnaşyklarynyň pugtalanmasynyň, medeni diplomasiýasynyň has-da berkemeginiň aýdyň netijesidir. Halklaryň arasynda dost-doganlygy, özara düşünişmegi we medeni gatnaşyklary ösdürmekde sungatyň aýratyn orny bar. Çünki sungat – milletleriň ruhy baýlygyny, taryhyny, däp-dessurlaryny we milli aýratynlyklaryny dünýä ýaýýan möhüm serişdeleriň biridir.

Şu jähetden, guralan halkara sungat sergisi hem özboluşly medeni waka bolup, oňa dürli ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ilçileri, daşary ýurt wekilleri hem-de sungat muşdaklary uly gyzyklanma bilen tomaşa etmäge yzygiderli gatnaşýarlar. Paýtagtymyzyň myhmanlarynyň we ýaşaýjylarynyň gyzyklanmasyny gazanan bu sergide adamzat we ony gurşap alýan tebigata aýawly çemeleşme, tebigatymyzy gorap saklamak we gözelleşdirmek boýunça döredilen eserler sergilenýär.

Sergide görkezilen nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungatynyň eserleri myhmanlarda uly täsir galdyrýar. Her bir eser özboluşly çeperçilik aýratynlygy, reňkleriň sazlaşygy we many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Ençeme dostlukly döwletleriň suratkeşleriniň eserlerini bir ýere jemleýän bu ýygyndyda zehinli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň mynasyp orun almagy türkmen milli nakgaşlyk mekdebiniň dünýädäki ykrarnamasy diýsek ýalňyşmarys. Şol eserler arkaly türkmen halkynyň baý taryhy, milli mirasy, tebigaty we gözelligi duýuş aýratynlygy hem-de döredijilik mümkinçilikleri beýan edilýär.

Sergä tomaşa etmäge gelen myhmanlara ýokary okuw jaýymyzyň mugallymlarydyr, talyplary tarapyndan eserler barada gürrüň berlip, olar bilen içgin tanyşdyrylyp, taslamalaryň dörediliş taryhy, çeperçilik aýratynlyklary we many-mazmuny barada gyzykly gürrüňleriň berilmegi, ýeri gelende myhmanlaryň hem türkmen sungatynyň ösüşine, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesinde wagyz edilmegine ýokary baha bermegi çäräniň many-mazmunyny artdyrdy. Şeýle hem myhmanlaryň belleýşi ýaly, şeýle halkara çäreler dürli halklaryň medeniýetini ýakyndan tanamaga, sungat işgärleriniň arasynda tejribe alyşmaga we döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da berkitmäge giň mümkinçilik döredýär.

Halkara sungat sergisi diňe bir sungat eserleriniň görkezilýän ýeri bolman, eýsem, halklaryň arasynda medeni dialogyň, dostlugyň we özara hormat goýmagyň ajaýyp meýdançasyna öwrüldi.

Şeýle çäreler milli sungatymyzyň halkara giňişliginde dabaralanmagyna, türkmen medeniýetiniň dünýäde giňden tanalmagyna we geljekki döredijilik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine möhüm goşant goşýar.

Bagtygül Hojageldiýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň mugallymy