Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 5-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň on aýynda türkmen okuwçy we talyp ýaşlary halkara bilim bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, jemi 1039 medala mynasyp boldular. Ýokary okuw mekdepleri tarapyndan halkara derejesindäki 10 sany olimpiada we 15 sany ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şeýle hem bilim ulgamynda okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyň we bilim maksatnamalarynyň 666-sy tassyklanyldy.

Ylym ulgamynda dünýä ölçeglerine laýyklykda ösüşi üpjün etmek, ylmy işleriň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Hasabat döwründe türkmen alymlary we hünärmenleri halkara forumlara hem-de ylmy maslahatlara gatnaşyp, tejribe alyşmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltdiler.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara zerur operasiýalar we bejergi çäreleri geçirildi.

10 — 12-nji oktýabrda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda täze bejeriş merkezleriniň toplumy, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi hem-de Halkara pediatriýa merkezi açylyp ulanmaga berildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň 40 işgäri döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp boldy.

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hem netijeli dowam etdirildi. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, 179 altyn, 188 kümüş we 223 bürünç medal gazandylar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle-de sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.