2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly maslahatynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Şolaryň hatarynda Gazagystan, Türkmenistan we Eýran arasynda üstaşyr aragatnaşyk akymlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan üçtaraplaýyn ministrler derejesindäki duşuşyk hem geçirildi. Şeýle-de türkmen wekiliýeti HTB-niň Baş sekretary Doreen Bogdan-Martin, Katar Döwletiniň Kiberhowpsuzlyk agentliginiň başlygy inžener Abdulrahman bin Ali Al-Farahid Al-Maliki we Katar Döwletiniň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministri Mohammed bin Ali bin Mohammed Al-Mannai bilen duşuşdy.
Duşuşyklarda üstaşyr aragatnaşyk mümkinçiliklerini giňeltmek, telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk we sanlylaşdyrmak ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew HTB-niň Doly ygtyýarly maslahatynda çykyş etdi.
Geçirilen duşuşyklar we ministriň çykyşy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga we döwrebap telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň beýanydyr. Bu işler Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna, ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesindäki aragatnaşyk ulgamynda eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.
TM
EN
RU