S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly ylmy-taslama sergi bäsleşigi geçirildi. Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ugurlaryna bagyşlanan bu çäre ýaşlaryň innowasion başlangyçlaryny ýüze çykarmak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Dabara gatnaşyjylaryň nygtamagynda, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny öňe sürmek hem-de ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça kabul edilen uzak möhletleýin strategiýalara laýyklykda ýaş nesliň ylmy gözleglerine uly goldaw berilýär. Aşgabatda geçirilen bu bäsleşik hem talyplaryň amaly gözleglerini önümçilik bilen baglanyşdyrmaga hem-de döwrebap tehnologiýalary wagyz etmäge şert döretdi.
Uniwersitetiň Ýaş alymlar geňeşiniň guramaçylygynda iki tapgyrda geçirilen bäsleşige oba hojalygy, daşky gurşaw, azyk we dokma senagaty boýunça onlarça taslama hem-de agrostartap hödürlenildi. Olaryň hatarynda biotehnologiýa usuly arkaly galaktomannan öndürmek, galyndysyz biologik geliotoplumlary döretmek, maldarlykda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, robototehnika, sanlylaşdyrmak hem-de ekologik taýdan arassa önümçilik çözgütleri bar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna saýlanan innowasion taslamalar oba hojalyk pudagyny ylym we ýokary tehnologiýalar esasynda ösdürmäge uly goşant goşar. Çärä gatnaşyjy ýaş alymlar hem-de talyplar ýurtda ylym bilen meşgullanmak we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak üçin döredilýän giň şertler üçin çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.
TM
EN
RU