Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, halkara derejesinde üstünlik gazanýan türgenleri ýetişdirmek ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçiliklerden ruhlanýan talyp ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanýarlar.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XVI Uniwersiadanyň çäklerinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip, I orna mynasyp boldy.

Bu üstünlik institutymyzyň talyp ýaşlarynyň sporta bolan höwesiniň, yhlasly taýýarlygynyň, erjelleginiň we toparlaýyn agzybirliginiň aýdyň netijesidir. Ýaryşda görkezen ussat oýunlary, özara düşünişmegi we jebisligi bilen tapawutlanan gyzlarymyz ýokary netijäni gazanyp, institutymyzyň abraýyny mynasyp goradylar.

Gazanylan bu ýeňiş bilen toparyň ähli agzalaryny, olary ýaryşa taýýarlan tälimçileri hem-de bu üstünlikde goşandy bolan ähli işgärleri tüýs ýürekden gutlaýarys!

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sport barha rowaçlanyp, talyp ýaşlarymyzyň sportdaky üstünlikleri mundan beýläk-de dowam etsin!