GARAŞSYZLYK – BAGTYMYZ!
45Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary-ýogy 34 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi hem özgerdi. Asmanymyzyň asudalygy, zeminiň parahatlygy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň güwäsidir.
Garaşsyzlyk – belent ykbal! Bu günki-gün türkmen halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Şanly sene mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutymyzyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Garaşsyzlyk — halkyň beýik ykbaly, Bitaraplyk — parahatlyk ykrary» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Baýramçylyk dabarasynda halypa mugallymlaryň baýramçylyk gutlaglary talyplaryň buýsançly çykyşlary bilen özara utgaşyp, dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Institutymyzyň «Bagtyýarlyk joşguny» aýdym-saz toparynyň aýdymçylarynyň ajaýyp aýdymlarydyr «Bagtyýarlyk gülleri» tans toparymyzyň tansçylarynyň ýerine ýetiren gözel tanslary ruhy galkynyşy döretdi.
Çünki Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň, ösüşiň, parahatlygyň kepili. Baş baýramymyz – döwletlilik toýumyz gutly bolsun! Garaşsyz Diýarymyzyň rowaçlyk we abadançylyk ýoly hemişe üstünliklere ýar bolsun!
