HALKARA SERGI WE YLMY MASLAHATY
120 Şü gün paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu giň gerimli çärede ýurdumyzyň dürli pudaklaryny hem-de halkara guramalaryny, ýokary okuw mekdeplerini birleşdirýän sergi guraldy. Sergä Türkmen döwlet maliýe instituty hem öz döwrebap pawilýony bilen gatnaşdy.
Institut tarapyndan taýýarlanan pawilýonda talyplaryň hem-de mugallymlaryň innowasion taslamalary, sanly ulgam arkaly alnyp barylýan okuw işleriniň mümkinçilikleri, ylmy barlaglaryň netijeleri we institutyň häzirki zaman sanly bilim infrastrukturasyny görkezýän maketlar ýerleşdirildi.
Bu çäre ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleri, ylmy ösüşiň we sagdyn nesil terbiýelemegiň ähmiýetini has-da açyp görkezýär. Şeýle-de institut üçin halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini dünýä ýüzüne tanatmak babatda möhüm ädim boldy.