Iñlis dili dersi boýunça Test bäsleşigi geçirildi
8 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ýaş nesliň ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup kemala gelmegine gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegine bolan höwesini artdyrmak hem-de olaryň bilim başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen dürli bilim çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Ýurdumyzyñ Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şygary astynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň “Daşary ýurt dilleri” kafedrasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň hem-de takyk we iňlis dili dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda Iñlis dili dersinden Test bäsleşigi üstünlikli geçirildi.
Guralan test bäsleşigine orta mekdeplerinden 30 okuwçy gatnaşyp, olaryň iňlis dili boýunça nazary we amaly bilimleri barlanyldy. Bäsleşigiň dowamynda okuwçylar iñlis dili boýunça ýokary taýýarlyk derejelerini, daşary ýurt diline öwrenmeklige bolan gyzyklanmalaryny görkezdiler. Netijede, gatnaşan okuwçylaryň 6-sy baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşigiň jemleri boýunça baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçylar:
I orun:
Ruhnama adyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň okuwçysy Hojamyradowa Mähri.
II orunlar:
Takyk we iňlis dili dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy Rejepow Ysmaýyl.
Ruhnama adyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ataýewa Aýjan.
III orunlar:
Takyk we iňlis dili dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy Öwezdurdyýewa Leýli.
Takyk we iňlis dili dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ödäýewa Seýli.
Takyk we iňlis dili dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy Amanowa Melike.
Geçirilen bu Test bäsleşigi ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrmaga, olaryň zehinini ýüze çykarmaga hem-de geljekde bilimli hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly goşant goşar. Şeýle bilim çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşine we ýaş nesliň halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply bolup kemala gelmegine giň mümkinçilik döredýär.