IŞ BERIJI ÜÇIN SORAGNAMA
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan iberilen “Iş berijiler bilen pikir soraşmalary yzygiderli guramak hem-de iş berijileriň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň başarnyklaryna bildirýän talaplaryny seljermek boýunça usulyýete” laýyklykda, Türkmen döwlet maliýe instituty iş berijiler bilen yzygiderli pikir soraşmak işini geçirmek maksady bilen, şu soragnama taýýarlanyldy.
Soragnamanyň esasy maksady şu aşakdakylardan ybaratdyr:
1. Geljekde işgärlere bolan zerurlygy kesgitlemek.
2. Isleg bildirilýän taýýarlyk ugurlaryny (hünärleri) ýüze çykarmak.
3. Uçurymlaryň hünär we şahsy başarnyklaryna bildirilýän talaplary öwrenmek.
4. Geljekde talap ediljek täze başarnyklary we tehnologiýalary kesgitlemek.
Hormatly iş berijiler!
Soragnamanyň ähli soraglaryna mümkin boldugyça doly we takyk jogap bermegiňizi haýyş edýäris. III, IV, V we VI bölümlerde her görkeziji boýunça diňe bir baha (1-den 5-e çenli) saýlanmalydyr.
Soragnamada görkezilen maglumatlar umumylaşdyrylan görnüşde seljeriler we diňe bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmek, zähmet bazarynyň talaplaryny öwrenmek, uçurymlaryň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak hem-de iş berijiler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatlary üçin peýdalanylar.